Berdimuhamedow orunbasaryna içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmegi tabşyrdy
“Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, ýurdumyzyň önüm öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Söwda dükanlary azyk önümleri bilen, şol sanda gök önümler we miweler bilen bolelin üpjün edilýär” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Şeýle-de, ýurduň Baş arçalaryny gurnamak üçin ter arçalary getirmek işleri alnyp barylýar. Guramalaryň buýurmalary boýunça we erkin söwdada ýerleniljek Täze ýyl sowgatlary taýýarlanylýar. Paýtagtda hem-de welaýatlarda baýramçylyk göçme söwda bölümlerini guramak göz öňünde tutuldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek, içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Azatlygyň ýerli habarçylary ýurtda azyk, hususan-da un, çörek gytçylygynyň dowam edýändigini, adamlaryň baýramçylyk şatlygynyň az duýulýandygyny habar berýärler.
