Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 02.12.2018

Putin Tramp bilen Ukrain gapma-garşylygy hakynda gürleşendigini aýdýar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen golaýda Gara deňizde ukrain we rusharby-deňiz gämileriniň arasynda bolan harby gapma-garşylyk hakynda gysgaçaça gürrüň edendigini aýtdy. Putin 1-nji dekabrda, Argetinada geçirilýän 20-ler toparynyň sammiti mahalynda bolan gepleşikleriň jikme-jiklikleri hakynda kän zat aýtmady.  "Biz aýak üstünden gürleşdik. Men onuň gara deňizde bolan hadysa barada beren soraglaryna jogap berdim” diýip, Putiniň aýdan sözleri sitirlendi. Читать дальше...

Ysraýyl polisiýasy ýurduň premýer-ministrini parahorlukda aýyplamagy maslahat berýär

Azathabar.com 

Ysraýyl polisiýasy 2-nji dekabrda premýer ministr Benýamin Netanýahuwy parahorluk aýyplamalarynda aýyplamak rekomendasiýasyny berdi. Bu premýere garşy soňky aýlarda berlen şunuň ýaly üçünji rekomendasiýadyr. Mundan öň polisiýa Netanýahuwy başga iki sany korrupsiýa işi boýunça derňemegi maslahat beripdi.  Netanýahu özüne we aýalyna garşy bildirilen aýyplamalary bada-bat ret etdi. "Polisiýanyň men we aýalym babatda berýän rekomendasiýalary hiç kimi geň galdyrmaýar” diýip, Netanýahuwyň beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...

Pakistan TLP liderlerini terrorçylykda, pitnä çagyrmakda aýyplar

Azathabar.com 

Pakistan berk liniýaly yslamçy toparyň tussag edilen ýolbaşçylaryny terrorizmde we pitnä meçew bermekde aýyplar diýip, hökümet 1-nji dekabrda aýtdy. Maglumat ministri Fawad Çaudhry Tehrik-e Labaik (TLP) partiýasynyň ýolbaşçysy Khadim Hussain Rizwiniň we ýene iki TLP lideriniň bu aýyplamalar astynda ömürlik türme tussaglgyna höküm edilip bilinjekdigini belledi.  31-nji oktýabrda küpür geplemekde aýyplanan hristian zenany aklanandan soň guralan zorlukly protestlerden soň göz astyna alnan Rizwi... Читать дальше...

Eýran sudy žurnalist zenany 13 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm etdi

Azathabar.com 

Eýranyň Ynkylap sudy howpsuzlyk aýylmalarynda aýyplanan žurnaliste 13 ýyla golýa türme tussaglygy hökümini çykardy diýip, eýran mediasy habar berdi. Reformaçy žurnalist Hengameh Şahidi suduň 12 ýyl 9 aý türme möhleti barada çykaran höküminiň üstünden şikaýat arzasyny ýazyp biler. Şeýle-de ol syýasy toparlara, media işjeňliklerine goşulmakdan, ýurtdan çykmakdan mahrum edildi. "Sud seljerişliginiň konfidensiallygy we işiň howpsuzlyk häsiýeti zerarly men suduň höküminiň jikme-jikliklerini açyp bilmeýärin” diýip... Читать дальше...

Pariž protestleri mahalynda 133 adam ýaralandy, 412 adam tussag edildi

Azathabar.com 

Fransiýada ýangyç salgydynyň ýokarlanmagynyň we durmuş gymmatlamagynyň üstünde turan nägilelikler mahalynda 133 adam ýaralandy, 412 adam bolsa tussag edildi diýip, Pariž polisiýasy aýtdy. Polisiýa 1-nji dekabrdaky protestler mahalynda ýaraly bolanlaryň arasynda 23 sany polisiýa ofiseriniň hem bardygyny aýtdy. Merkezi Parižiň käbir böleklerinde bolan zorlukly hereketleri şäheri çaýkanyndan soň tussag edilen adamlaryň 378 sanysy polisiýanyň tussaghanalarynda ýerleşdirildi. Habarlarda aýdylmagyna görä... Читать дальше...

ABŞ-nyň goranmak sekretary Putini raketa şertnamasy babatda 'ikiýüzli' bolmakda aýyplaýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň goranmak sekretary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Sowuk uruş döwrüniň ýaraglara kontrollyk boýunça esasy şertnamasy babatda aldawçylykda, geçen hepde Ukraina bilen bolan harby gapma-garşylykda geleňsiz hereket etmekde aýyplap, berk tankyt etdi.  Jim Mattis 1-nji dekabrda eden çykyşynda Moskwanyň geçen aý orta möhlet kongres saýlawlaryna hem gatyşmaga synanyşandygyny tassyklady. "Biz düýpden ynanyp bolmajak bir adam bilen iş salyşýarys” diýip, Mattis Kaliforniýadaky Reýgan Milli goranyş forumynda eden çykyşynda aýtdy. Читать дальше...

ABŞ, Hytaý prezidentleri söwda tariflerini galdyrmazlyk ylalaşygyna geldi

Azathabar.com 

Ak tam ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň hytaýly kärdeşi Si Jinpingiň öz aralarynda barha güýçlenýän söwda urşuny 90 günlük togtadyp, dünýäniň iki sany iň uly ykdysadyýetiniň arasyndaky dawanyň mundan aňryk ilerlemeginiň öňüni almaga çalyşmak hakynda bir pikire gelendiklerini aýdýar. Ak tamyň 1-nji dekabrdaky beýanatynda Waşingtonyň ýanwarda hytaý harytlaryna goýlan tarifleri ýokarlandyrmazlyga razy bolandygy hem aýdylýar. Ýöne hytaý harytlaryna golaýda girizilen we 200 milliard ABŞ... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






Волонтеры Мосгорнаследия привели в порядок городские объекты ко Дню Победы

Восстановленный советский танк Т-70 прошел своим ходом по центру Мелитополя

Салют в честь Дня Победы в Петербурге. Видео

Глава Мытищ Юлия Купецкая поздравила ветеранов с Днем Победы