Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 21.12.2018

Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde uly nobatlar saklanýar

Azathabar.com 

Orsýet Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsul bölüminiň öňünde uly nobatlar saklanýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler nobata duranlaryň uly bölegi Orsýete göçüp gitmek statusyna eýe bolmak üçin konsulhana ýüzlenýär. “Bu ýerde guramaçylykly görnüşde 170-200 çemesi adam konsulhananyň içgi howlusyndaky nobatda durdy. Olaryň bir bölegi stundetler, emma uly bölegi Orsýetde ýaşamaga rugsat we iş wizasyny almak üçin duran adamlardy.Ýapyljak wagty biraz galmagal dörejek ýaly boldy... Читать дальше...

Türkmenistan 2019-njy ýylyň şygaryny kesgitledi

Azathabar.com 

Türkmen resmileri geljek – 2019-njy ýylyň şygaryny “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip kesgitlediler. Bu baradaky degişli teklibi 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin maslahatynda Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa hödürledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi makullap, täze şygaryň ýurduň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny belledi. Berdimuhamedow bu teklibi kanunçylyk taýdan resmileşdirmegiň hem-de onuň ähmiýetini... Читать дальше...

ABŞ-nyň goranmak sekretary wezipesinden çekilýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis öňümizdäki ýylyň başynda öz wezipesinden çekiler. Işden gitmek baradaky arzasynda Mattis özüniň, şol sanda Russiýa we Hytaý babatyndaky garaýyşlarynyň prezident Donald Trampyňky bilen “gabat gelmeýändigini” belledi. Tramp özüniň Twitter hasabynda Mattisiň 2019-njy ýylyň fewralynda goranmak sekretary wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi. Munuň yzy bilen, Mattis prezidente ýazan hatyny jemgyýetçilige aýan etdi. ABŞ kanunçykaryjylary, hem Demokratlar,... Читать дальше...

Hytaýyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde protest geçdi

Azathabar.com 

Bişkekda Hytaýyň ilçihanasynyň öňünde onlarça aktiwist Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan milli azlyklaryň, şol sanda etniki gyrgyzlaryň, gazaklaryň we uýgurlaryň “yzarlanmagyny” ýazgaryp, protest geçirdiler. Demonstrantlaryň ellerinde “Hytaý faşizmine ýol ýok!” we “Dünýä ilaty zalymlyga garşy!” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy. Protestçiler hytaý resmileriniň ýurduň täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde saklanýandygy aýdylýan her bir etniki gyrgyz boýunça maglumat bermegini talap etdiler. Читать дальше...

Ukrain deputatlary Moskwa ygrarly prawoslaw kilisesiniň adyny üýtgetmek taslamasyny kabul etdiler

Azathabar.com 

Ukrainanyň parlamenti Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesiniň adyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdiler. Parlamentiň 240 agzasy bu taslamany goldap ses berdi. Bu aralykda, parlament binasynyň daşynda ýüzlerçe adam köpçülikleýin doga-dileg edip, hödürlenen kanun taslamasyna garşy çykdylar. Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesi prezident Petro Poroşenko ýüzlenip, kanunyň Konstitusiýa çapraz gelýändigini aýdyp, oňa weto goýmaga çagyrdylar. Hödürlenen kanun... Читать дальше...

Çeçenistanda “hukuk bozmalara, gynamalara baş goşulýar”

Azathabar.com 

Russiýanyň Çeçenistan respublikasynda resmiler adam gynamalaryna, zorlukly ýitirim edilmelere we adam hukuklary babatyndaky beýleki kanun bozmalara baş goşýarlar diýip, ýakynda taýýarlanan ekspert hasabatynda bellenilýär. Çeçenistandaky adam hukuklarynyň depelenmegi baradaky hasabat Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda hödürlendi. Raportda adam hukuklaryny goraýjylaryň, aklawçylaryň, garaşsyz žurnalistleriň we LGBT jemgyýetiniň agzalarynyň basyşlara sezewar edilýändigi bellenilýär. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме






Выбрал народ, выбрал Путин. Судьбу Мишустина теперь решают депутаты: Утверждать премьера будут по-новому

Путин обратился к участникам KazanForum: Дорожим связями с мусульманскими странами

Первый боевой: Россия уже вводит в строй военные ледоколы

Олег Газманов рассказал, как его друзья-иностранцы относятся к Москве