Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 12.12.2018

Türkmenistanda kanunyň kabul edilmeginden soň alkogolyň gymmatlamagyna garaşylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça kanunyň” kabul edilmegi bilen baglylykda alkogolyň gymmatlamagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berýär. Dekabryň başynda kabul edilen kanunda, hususan-da, alkogol önümleriniň söwdasynyň kassa apparatyna hem töleg terminalyna eýe bolan ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynda, şeýle-de restoranlarda, barlarda we kafelerde amala aşyrylmagy, alkogolyň söwdasynyň diňe iş günlerinde 10-20 sagat aralygynda edilmegi göz öňünde tutulýar... Читать дальше...

Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt ýetmezçilik edýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýaşaýjylar özleriniň bank kartlaryndaky maliýe serişdelerini bankomatlarda nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär, bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlar döreýär diýip, 12-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berdi.

Türkmenistanda dokma senagaty ministri täzelendi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji dekabrda dokma senagaty ministri Nepes Gaýlyýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy diýip, TDH habar berýär. Emma habarda öňki ministriň anyk nähili kemçilik goýberendigi anyklaşdyrylmaýar.  Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek dokma senagaty ministriniň orunbasary Ogulhajat Işangulyýewanyň üstüne ýüklenildi. Türkmenistanda ýokary derejeli resmilere yzygiderli berk käýinç... Читать дальше...

Gazagystandaky partlamada azyndan iki adam öldi

Azathabar.com 

Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäherinde nämälim partlaýjy enjamyň partlamagy netijesinde azyndan iki adam öldi diýip, gazak resmileri aýdýar. Içeri işler ministrligi 12-nji dekabrda bir gün ozal metal galyndylarynyň toplanylýan ýerinde bolan partlamada üç adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.  Içeri işler ministri Kalmukhanbet Kasymowyň metbugat üçin gysgaça maglumat berlende žurnalistlere aýtmagyna görä, häzir bu ýerde harby we polisiýa derňewçileri iş alyp barýar. Başga jikme-jiklikler aýdylmady.

Gyrgyzystan Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyny belledi

Azathabar.com 

Gyrgyzystan tanymal ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyny belledi. Prezident Sooronbaý Jeenbekow we beýleki ýokary derejeli gyrgyz resmileri 12-nji dekabrda paýtagt Bişkegiň golaýynda, Aýtmatowyň Ata Beiit hatyra toplumyndaky mazaryna gül çemenlerini goýdular. Jeenbekow Milli filarmoniýa öýünde guralan dabarada çykyş edip, Aýtmatowy “dünýä edebiýatyndaky ajaýyp hadysa” diýip atlandyrdy. “Aýtmatow diňe adamlaryň içerki dünýäsini üýtgetmegi başaran beýik ýazyjy däl, ol planeta derejesindäki şahsyýet” diýip... Читать дальше...



Ýewropada Santa Klauslaryň parady başlandy

Azathabar.com 

Santa-baýkerler, Santa-ýyndamlar we suwa düşülýän geýimli Santalar: Ýewropanyň şäherleri ýetip gelýän Kristmas baýramçylygyny belläp başladylar.Jikme-jik maglumatlar Reutersyň reportažynda.

Türkmen DIM-inde ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk boldy

Azathabar.com 

11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige gyzyklanma bildirdiler.   Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýlar, sebitleýin meseleler boýunça pikir alşyldy.  Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Z.Halilzad Owaganystanda durmuşa geçirilýän... Читать дальше...

Ýewropa Parlamenti ukrain kinorežissýory Sentsowy Saharow baýragy bilen sylaglaýar

Azathabar.com 

Ýewropa Parlamenti ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowy 2018-nji ýylyň Saharow baýragy bilen sylaglaýar.  12-nji dekabra bellenen dabara Orsýetiň 2014-nji ýylda dogduk Krymyny ele geçirmegine garşy çykandan soň tussag edilen Sentsowy hatyrlamagy maksat edinýär. Ýewropa resmileri rus häkimiýetlerini türmede yglan eden 145 günlük açlygyndan soň Sentsowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramaz bolmagynda galýandygyny aýdyp, onuň derhal azat edilmegine çagyrýarlar.  Krymda doglan Sentsow Orsýetiň 2014-nji ýylda... Читать дальше...

Strasbourgda 3 adamy öldüren ýaragly henizem tapylanok

Azathabar.com 

Howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe agzasy Fransiýanyň Strasbourg şäherindäki Kristmas bazarynda üç adamy atyp öldüren, 12 adamy ýaralan ýaragly erkegi gözleýär.  Güman edilýän erkek 11-nji dekabr agşamy bu töwerekde terrora garşy operasiýalaryň çäginde garawulçylyk çekýän esgerler bilen atyşykdan soň gaçyp gutuldy.  Gözlenilýän erkek atyşyk mahalynda ýaralanan diýip hasaplanylýar we Fransiýanyň howpsuzlyk gulluklary onuň güman edilýän ekstremitsleriň gözegçilik sanawynda duran adam bolandygyny aýdýarlar. Читать дальше...

Owganystandaky hüjümlerde azyndan 31 adam öldürildi

Azathabar.com 

Kabulda, Kunduz we Kandahar welaýatlarynda 11-nji dekabrda guralan hüjümlerde azyndan 31 adam öldürildi diýip, owgan resmileri aýtdylar. Kabulyň günbatar böleginde, howpsuzlyk konwoýynyň golaýynda partladylan ulag bombasy howpsuzlyk güýçleriniň azyndan dört agzasyny we asuda ilatdan dokuz adamy öldürdi.  Bu hüjüm netijesinde azyndan 11 adam ýaralandy. “Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid twitterde bu hüjümi özleriniň gurnandyklaryny aýtdy.  Şu aralykda “Talyban” jeňçleriniň demirgazykdaky... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

В России назвали подвигом победу Рублева на "Мастерсе" из-за болезни






Володин: Госдума рассмотрит кандидатуры вице-премьеров на заседании 13 мая

Температура в Москве вернется к норме 15 мая

Порядка 350 рабочих привлекли к строительству дороги в Одинцове

Монсон заявил, что его спортивная карьера практически завершена