Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 13.12.2018

Ankarada iki otly çakyşdy, ýedi adam öldi, onlarça adam ýaralandy

Azathabar.com 

Ankarada ýokary tizlikli otly bilen barlag geçirýän lokomatiwiň çakyşmagy netijesinde ýedi adam öldi, 40-dan gowrak adam ýaralandy. Ýoluň aşagyndaky pyýada geçelgesi hem ýumruldy. Has anyk maglumatlary “Roýtersiň” reportažyndan alyp bilersiňiz.

Tussaglykdaky eýranly aktiwist “açlykdan öldi”

Azathabar.com 

Eýranda sosial ulgamlarynda ýerleşdiren maglumatlary sebäpli tussag edilen syýasy aktiwist 50 gün açlykdan soň aradan çykdy. Bu barada Wahid Saýadi Nasiriniň gyz dogany Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Elahehiň maglumatyna görä, resmiler onuň doganynyň Kom şäherindäki keselhanada ýogalandygyny aýdypdyrlar. Ol öz doganynyň türmedäki şertlere protest bildirip, şeýle-de özüniň başga tussaghana geçirilmegini talap edip açlyga başlandygyny aýtdy. Nasiri 2015-nji ýylyň sentýabrynda tussag edilipdi. Читать дальше...

AŞG rus uçarlarynyň Wenesuela gelmegine ‘uly alada’ bildirdi

Azathabar.com 

Amerikan Ştatlarynyň Guramasy  ýadro ýaragyny daşamaga ukyply rus söweş uçarlarynyň Wenesuela gelmegine “uly alada” bildirdi. Guramanyň Baş Sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda muňa “Milli Assambleýanyň ygtyýar bermändigi sebäpli” bu ädimiň Wenesuelanyň konstitusiýasyna çapraz gelýändigi aýdylýar. “Şol sebäpli, biz munuň Wenesuelanyň özygtyýarlylygy üçin ýaramaz boljakdygyny çaklaýarys” diýip, Amerikan Ştatlarynyň Guramasy  belledi. Guramanyň düzümine Amerikanyň 35 garaşsyz döwleti, şol ABŞ-e hem girýär. Читать дальше...

'Aýylganç global hüjüm' netijesinde ýüzlerçe žurnalist türmede otyr

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) maglumatyna görä, “awtoritar režimleriň başga pikiri sem etmek üçin barha kän tussag etmek çäresini ulanmagy” netijesinde, dünýä ýüzünde azyndan 251 žurnalist öz işi zerarly gözenegiň arkasynda saklanylýar.

Pompeo: ABŞ Eýranyň ballistik raketalarynyň çäklendirilmegini isleýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş edip, Waşingtonyň 15 agzalyk Geňeş bilen Eýranyň ballistik raketalaryna täzeden çäklendirmeleri girizmek ugrunda iş alyp barjakdygyny mälim etdi. Pompeo Tährana garşy girizilen ýarag embargosynyň 2020-nji ýylda bes edilmeli däldigini aýtdy. “Eger-de, Eýran ballistik raketalaryny artdyrmagyny dowam etdirse, halklarymyzyň howpsuzlygy howp astyna düşer” diýip, Pompeo Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi. Pompeonyň belliklerine jogap edip... Читать дальше...

FIFA owgan futbol federasiýasynyň başlygyny çetleşdirdi

Azathabar.com 

FIFA Owganystanyň futbol federasiýasynyň başlygyny, aýal oýunçylara basyş we jynsy zorluk etmek aýyplamalary esasynda, wagtlaýyn wezipesinden çetleşdirdi. Keramuudin Karime girizilen gadagançylyklaryň netijesinde, ol 90 günüň dowamynda futbol bilen ilteşikli ýerli we halkara çärelerine gatnaşyp bilmez. FIFA sanksiýalaryň owgan futbol federasiýasynyň resmileri bilen baglylykda alnyp barylýan derňewiň çäginde girizilendigini aýtdy. Geçen aý Britaniýanyň Guardian gazetinde çap bolan hasabatda... Читать дальше...

Ankarada bolan otly hadysasynda azyndan ýedi adam öldi

Azathabar.com 

Türkiýäniň paýtagty Ankaradaky stansiýada ýokary tizlikli otlynyň çakyşmagy netijesinde azyndan ýedi adam öldi, 46 adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Ankaranyň gubernatory  Wasip Şahiniň žurnalistlere aýtmagyna görä, ýokary tizlikli otly 13-nji dekabr güni irden ýol bir ýolda kada bolan barlaglary geçirýän lokomotiw bilen çakyşdy. Wakanyň bolan ýerinden edilen wideoýazgylarda Ankaranyň günbataryndaky Marsandiz otly stansiýasynda adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň işgärleriniň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса