Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 10.12.2018

Lebapda benzin wagtlaýyn satyldy, ýöne soň ýene gytaldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy barada dekabryň başynda Azatlyk Radiosynda berlen habardan soň, welaýatyň çäginde ýerleşýän etraplarda wagtlaýyn A-95 markaly benzin ilata elýeterli edildi, ýöne bu elýeterlilik uzaga çekmedi.

Paşiniýanyň ýaranlygy parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýanyň ýaranlygy irki parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, sesleriň 70% töweregini eýelemegi başardy. Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, Paşiniýanyň “Meniň ädimim” ýaranlygy 9-njy dekabrda geçirilen saýlawlarda sesleriň 70.4%-ni alypdyr. Paşiniýan indi parlamentdäki köpçülige eýe boldy. Ozal häkimiýet başynda bolan Respublikan Partiýasy 101 agzalyk Milli Assambleýada orun almak üçin gerekli 5% çäginden artyk sesleri alyp bilmedi. Читать дальше...

Tussaglykdaky rus ganhoryna ýene bir ömürlik türme tussaglygy berildi

Azathabar.com 

Russiýada 22 aýaly öldürmekde günäli tapylyp, 2015-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen polisiýa ofiserine başga-da 56 aýaly öldürmek aýyplamalary bilen ilteşikli ýene bir ömürlik türme tussaglygy berildi. Bu baradaky degişli karary Irkutskyň regional sudy çykardy. “Angarsk manýagy” atlandyrylan 54 ýaşly Mihaýil Popkow Angarsk şäheriniň golaýynda ýaşap, polisiýa ofiseri bolup işläpdi. Popkow 2012-nji ýylda tussag edilipdi. 2015-nji ýylda ol 1994-2000-nji ýyllar aralygynda 22 aýaly öldürmekde günäli tapylyp... Читать дальше...

Gyrgyz premýer-ministriniň ozalky orunbasary tussag edildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda premýer-ministriň ozalky orunbasary korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edildi. Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti Duişenbek Zilaliýewiň “bikanun baýamakda” aýyplanyp, geçen hepdäniň aýagynda deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini aýtdy. Derňewçiler Zilaliýewden deklarasiýa edilmedik 900 müň dollarlyk maliýe serişdeleriniň we emläginiň tapylandygyny aýtdylar. Zilaliýew 2017-nji ýylda ençeme aýlap Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary bolup işläpdi. Mundan öň, ol Senagat... Читать дальше...

BMG Iordaniýanyň üstünden Siriýa gumanitar kömegini ýollaýar

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasy, mundan iki aý ozal gaýtadan açylan, Iordaniýanyň Jaber-Nassib serhet geçelgesinden Siriýadaky ýüzlerçe müň adama gumanitar kömegini daşap başlady. BMG-niň gumanitar edarasynyň maglumatyna görä, 11 müň 200 tonnalyk kömek 369 ýük ulagy arkaly uruşdan ejir çekýän 650 müň töweregi siriýala eltiler. Siriýa hökümeti serhet geçelgesini üç ýyldan soň jeňçileriň elinden alyp, oktýabrda ony gaýtadan açypdy. BMG ýedi ýyl bäri dowam edýän graždançylyk urşy sebäpli 13 milliona golaý siriýalynyň azyk... Читать дальше...

Saudlar Khaşoggini öldürmekde aýyplanýanlary Türkiýä ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdiler

Azathabar.com 

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Türkiýäniň žurnalist Jamal Khaşogginiň öldürilmegi bilen ilteşikli şübhelenýänleri ekstradisiýa etmek baradaky arzasyny ret etdi. Khaşoggi saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda 2-nji oktýabrda öldürilipdi. “Biz öz raýatlarymyzy ekstradisiýa etmeýäris” diýip, Adel al-Jubeir Riýadhda žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Saud Arabystanyna ýüzlenip, dissident žurnalistiň janyna kast etmekde aýyplanýanlaryň ekstradisiýa edilmegini talap edipdi. Читать дальше...

“Talyban” dokuz owgan esgerini öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanda “Talyban” jeňçileri ýurduň günbataryndaky Farah welaýatynda bir harby posta hüjüm edip, azyndan sekiz esgeri öldürdiler. Ýerli geňeş agzasyny beren maglumatyna görä, üç sagada çeken ok atyşlykdan soň, hüjümçiler dokuz esgeri zamun alyp, sebiti terk edipdirler. Welaýatyň polisiýa sözçüsi çaknyşykda üç jeňçiniň öldürilendigini, başga-da dördüsiniň ýaralanandygyny mälim etdi. “Talybanyň” metbugat wekili Twitter hasabynda zamun alyndy diýilýän esgerleriň wideosyny ýerleşdirdi. Soňky... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






В Москве задержали треш-блогера, который оскорблял пенсионерок ради пранков

Оборонял Москву и сражался на Северном Кавказе: 103-летний ветеран рассказал о своих подвигах

Твой «Дом-2» — тюрьма. Кто и за что из звезд шоу отсидел за решеткой

Собянин сообщил о сбитом на подлете к Москве беспилотнике