Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Gyrgyz aktiwistleri BMG-den Şinjiangda ‘basyş edilýänlere’ kömek soradylar

0
Onlarça gyrgyz aktiwisti BMG-niň Bişkekdäki edarasynyň öňünde demonstrasiýa geçirip, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitindäki etniki halklara dessine hemaýat berilmegini soradylar.


“Hytaý faşizmine ýol ýok!” ýazgyly plakatly protestçiler BMG-niň baş sekretary Antonio Guterresden Şinjiangdaky etniki gyrgyzlary, gazaklary we uýgurlary “yzarlamalardan” halas etmegi soradylar.


Demonstrantlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu mesele boýunça ýörite rezolýusiýany kabul etmegini hem soradylar.


29-njy dekabrda gyrgyz aktiwistleri we Hytaýyň günbataryndan göçüp gelen etniki gyrgyzlar “Hytaýdaky Gyrgyzlaryň Gorag Komiteti” atly topary esaslandyrdylar.


Topar Şinjiangda etniki gyrgyzlara basyş edilýändigini we olaryň “gaýtadan terbiýeleýiş” lagerlerinde aýlap, hatda ýyllap hem saklanýandygyny aýtdy.


Awgustda BMG şinjiangly milliona golaý musulmanyň, aglaba uýgurlaryň Hytaýň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” saklanýandygyny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса