Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

ABŞ: Orsýet 'Nowator' raketa sistemasyny ýok etmeli ýa-da täzelemeli

0
ABŞ Orsýetiň orta aralyga niýetlenen ýadro ýaraglar baradaky ylalaşygy (INF) berjaý etmek we bu Sowuk urşy döwründe baglaylan ylalaşykdan ABŞ-nyň çykmagynyň öňüni almak üçin Nowator 9M729 kysymly raketa sistemasyny ýok etmelidigini ýa-da olaryň sanyny azaltmalydygyny aýdýar. 


Döwlet sekretaryň ýaraglara gözegçilik we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasarynyň 6-njy dekabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, ýarag sistemasynyň möçberi 1987-nji ýylda baglaşylan INF paktyna gabat gelmeýär.


Moskwa Orsýetiň "doly we barlap bolaýjak derejedäki borçlaryny" dikeltmek üçin "sistemany boşatmaly, atyjylary boşatmaly ýa-da olary oňki uzaklygyndan geçmeýän sistema çalyşmaly" diýdi.


Prezident Donald Tramp Orsýetiň ikitaraplaýyn bu ylalaşygy bozmagynyň güman edilýändigini belläp, ABŞ-nyň INF ylalaşygyny terk etjekdigini oktýabr aýynda yglan edipdi we ylalaşygyň Waşingtony çäklendirýändigini, şol bir wagtda-da ylalaşyklary baglaşmadyk Hytaý ýaly ýurtlaryň raketalary erkin öndürýändigini we ýerleşdirýändigini belläpdi.


ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň SSC-8 diýlip, tanalýan 9M729 sistemasynyň 500-5000 kilometr aralygyndaky ýer we ballistik raketalaryň gadagançylygyny bozýandygyny aýdýarlar.


4-nji dekabrda ABŞ Moskwanyň iki aýyň dowamynda ylalaşygy berjaý etmeklige dolanmasa öz borçnamalaryny ýatyrjakdygyny mälim etdi. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса