Tussaglykdaky rus ganhoryna ýene bir ömürlik türme tussaglygy berildi
“Angarsk manýagy” atlandyrylan 54 ýaşly Mihaýil Popkow Angarsk şäheriniň golaýynda ýaşap, polisiýa ofiseri bolup işläpdi.
Popkow 2012-nji ýylda tussag edilipdi.
2015-nji ýylda ol 1994-2000-nji ýyllar aralygynda 22 aýaly öldürmekde günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Popkowa 2017-nji ýylyň martynda başga-da 59 aýaly öldürmekde aýyplama bildirildi.
Resmiler Popkowyň gulluk wagty hem, polisiýa lybasynda we ulagynda adamlary öldürendigini aýtdylar.
