Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

AŞG rus uçarlarynyň Wenesuela gelmegine ‘uly alada’ bildirdi

0
Amerikan Ştatlarynyň Guramasy  ýadro ýaragyny daşamaga ukyply rus söweş uçarlarynyň Wenesuela gelmegine “uly alada” bildirdi.


Guramanyň Baş Sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda muňa “Milli Assambleýanyň ygtyýar bermändigi sebäpli” bu ädimiň Wenesuelanyň konstitusiýasyna çapraz gelýändigi aýdylýar.


“Şol sebäpli, biz munuň Wenesuelanyň özygtyýarlylygy üçin ýaramaz boljakdygyny çaklaýarys” diýip, Amerikan Ştatlarynyň Guramasy  belledi. Guramanyň düzümine Amerikanyň 35 garaşsyz döwleti, şol ABŞ-e hem girýär.


10-njy dekabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi Wenesuela ýadro ýaragyny daşamaga ukyply iki sany bombalaýjy uçaryny ýollapdy.


Ministrlik uçarlarda ýaraglaryň bolup-bolmandygyny takyklaşdyrmady.


Mundan birnäçe gün öň, ykdysady krizisden ejir çekýän Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro Kremlden hemaýat gözläp, Moskwa sapara gelipdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса