Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

FIFA owgan futbol federasiýasynyň başlygyny çetleşdirdi

0
FIFA Owganystanyň futbol federasiýasynyň başlygyny, aýal oýunçylara basyş we jynsy zorluk etmek aýyplamalary esasynda, wagtlaýyn wezipesinden çetleşdirdi.


Keramuudin Karime girizilen gadagançylyklaryň netijesinde, ol 90 günüň dowamynda futbol bilen ilteşikli ýerli we halkara çärelerine gatnaşyp bilmez.


FIFA sanksiýalaryň owgan futbol federasiýasynyň resmileri bilen baglylykda alnyp barylýan derňewiň çäginde girizilendigini aýtdy.


Geçen aý Britaniýanyň Guardian gazetinde çap bolan hasabatda käbir aýal futbolçylar we tälimçiler federasiýanyň resmilerini özlerine jynsy zorluk etmekde aýyplapdylar.


Owgan prezidenti Aşraf Ghani munuň “ähli owganlar üçin hopukdyryjy” habar bolandygyny aýtdy.


Owganystanyň Futbol Federasiýasy özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса