Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

BMG-niň ilçisi: Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmak mümkinçiligi ‘häzirkisi ýaly ýokary bolmandy’

0
BMG-niň Owganystan boýunça ilçisi ýurtdaky konflikti gepleşikleriň üsti bilen çözmek ugrundaky tagallalaryň üstünlikli tamamlanmak mümkinçiliginiň häzirkisi ýaly ýokary bolmandygyny aýtdy.


Tadamiçi Yamamotonyň belliklerinden öň, owgan “Talybany” Birleşen Arap Emirliklerinde  ABŞ-nyň resmileri bilen duşuşandyklaryny aýtdylar. Bu “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerine resmi ýagdaýda başlamak ugrundaky möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Ýamamoto regiondaky döwletleri hem parahatçylyk gepleşiklerine “goşant goşmaga” çagyrdy.


“Talyban” ilki ABŞ-a bilen ylalaşyga gelmeýänçä, Kabul hökümeti bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp gelýärdi.


Birleşen Ştatlary “Talyban” bilen gepleşikleri geçirendigi ýa geçirmändigi barada häzirlikçe resmi çykyş etmedi. Emma, mundan öň ABŞ-nyň ýörite ilçisi Zalmaý Khalilzad “Talyban” wekilleri bilen azyndan iki tapgyr gepleşikleri geçiripdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса