Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Ukrain deputatlary Moskwa ygrarly prawoslaw kilisesiniň adyny üýtgetmek taslamasyny kabul etdiler

0
Ukrainanyň parlamenti Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesiniň adyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdiler.


Parlamentiň 240 agzasy bu taslamany goldap ses berdi.


Bu aralykda, parlament binasynyň daşynda ýüzlerçe adam köpçülikleýin doga-dileg edip, hödürlenen kanun taslamasyna garşy çykdylar.


Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesi prezident Petro Poroşenko ýüzlenip, kanunyň Konstitusiýa çapraz gelýändigini aýdyp, oňa weto goýmaga çagyrdylar.


Hödürlenen kanun taslamada Ukraina garşy söweş alyp barýan ýa-da ukrain topraklaryny basyp alan ýurtlarda merkezleri ýerleşen dini guramalaryň, haýsy tarapa degişlidigini aýan etmekleri üçin, atlaryny üýtgetmegi talap edilýär.


Kanun taslamasyna laýyklykda, Russiýa ygrarly Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesiniň adyna “Russiýa” sözi goşulmaly bolar.


Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy, şeýle-de ýurduň gündogarynda Kiýew hökümetine garşy söweşýän separatistleri goldap başlady. 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan konfliktde 10 müň 300 adam öldi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса