Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Orsýetiň "Uralkali" käninide dokuz magdançy tüssäniň aşagynda galdy

0
Orsýetiň kaliý dökünlerini öndürýän “Uralkali” kärhanasynyň magdan käniniň içinde dokuz magdançy tüsse dumany sebäpli çykyp bilmän galdy diýip, kompaniýa 22-nji dekabrda aýtdy. 


“Uralkali” paýtagt Moskwanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Solikamsk käninde bolan hadysadan soň halas ediş operasiýalaryna başlanandygyny aýtdy.


Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklaryň içindäki ady aýdylmadyk çeşme Orsýetiň TASS habar gullugyna halas edijileriň häzire çenli magdançylara ýetip bilmändigini aýtdy. 


"Halas edijiler ýokary temperatura we goýy tüsse zerarly dokuz adamyň golaýyna baryp bilmeýärler. Olar bilen aralykda 10 metr çemesi ýer galdy” diýip, ol halas edijileriň magdançylar bilen baglanyşygynyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.


Şeýle-de, çeşmäniň sözlerine görä, ýangyn turan mahaly kaliý käninde 17 adam bar eken.


Olaryň sekizisi sag-aman howpsuz ýere çykaryldy diýip, çeşme aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса