Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Indoneziýada suw joşgunynda ölenleriň sany 281 adama ýetdi; gözleg işleri dowam edýär

0
Indoneziýada ada wulkanynyň partlamagy netijesinde dörändir öýdülýän suw joşgunynda (tsunami) ölenleriň sany 281 adama ýeten mahaly, ýurduň halas ediş gullugynyň işgärleri betbagtçylykdan aman galanlary gözleýärler.


24-nji dekabrda ekspertler wakada pida bolan adamlaryň sanynyň artmagyna garaşýarlar. Bu tebigy betbagtçylykda 1000-den gowrak adam hem ýaralandy.


“Käbir adamlaryň ýumrulan jaýlaryň we materiallaryň aşagynda galan bolmagy ähtimal” diýip, Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklar boýunça gullugynyň metbugat wekili Sutopo Purwo Nugroho aýtdy.


Indoneziýanyň prezidenti Joko “Jokowi” Widodo waka gynanç bildirip, döwlet edaralaryny betbagtçylyga garşy gyssagly göreşmegi tabşyrdy.


Tsunamy ýurduň Sunda aýlagyna 22-nji dekabr güni giçlik gelip urdy we suw diwary içeri girip, ýüzlerçe jaýy we myhmanhanalary süpürip gitdi diýip, hökümet resmileri we şaýatlar aýtdylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса