Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Türkmen prezidenti Indoneziýanyň hökümetine sunami sebäpli gynanç bildirdi

0
Türkmenistanyň prezidenti Indoneziýanyň hökümetine ýurtda bolan güýçli sunami bilen baglylykda gynanç bildirdi. 


Gurbanguly Berdimuhamedowyň Indoneziýanyň prezidenti Džoko Widodo ýolan gynanç hatynyň mazmuny 25-nji dekabrda türkmen mediasynda çap boldy.


21-nji dekabrdan 22-nji dekabra geçýän gijesi Indoneziýanyň Ýawa we Sumatra adalarynyň arasyndan geçýän Zond bogazynda dörän suw joşguny zerarly 429 adam wepat boldy we bir ýarym müň çemesi adam ýaralandy. Ýene 150-den gowrak adam ýiten hasaplanýar. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy we myhmanhana weýran boldy.


Seýsmologlar güýçli tolkunyň emele gelmegine Anak-Krakatau wulkanynyň joşmagynyň sebäp bolan bolmagyny çak edýärler. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса