Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Rim Papasy Siriýada, Ýemende parahatçylyga çagyrdy

0
Rim Papasy Kristmas baýramçylygy mynasybetli 25-nji dekabrda Watikanda eden çykyşynda dünýäni "öz bähbitlerini" bir ýana goýup, Siriýadaky, Ýemendäki konfliktler we beýleki gyzgyn nokatlar boýunça syýasy çözgüt tapmaga ündedi. 


Fransis bu çagyryşyny San Peter ybadathanasynyň öňündäki meýdançada ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde şähere we tutuş dünýä niýetlenen adaty "Urbi et Orbi" çykyşynda aýtdy.


"Meniň bagtly Kristmas arzuwym doganlyk islegimdir. Ähli milletleriň we halklaryň adamlarynyň arasyndaky doganlykdyr. Dürli ideýaly adamlaryň arasyndaky doganlykdyr... Dürli dinlere degişli adamlaryň arasyndaky doganlyk" diýip, papa aýtdy.


Fransis Siriýada, Ýemende, Afrikada, Koreýa ýarymadasynda, Ukrainada, Wenesuelada we Nikaraguada parahatçylyga çagyrdy. Şeýle-de, ol Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda  ýaraşyga umyt baglady. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса