Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Galmygystan 1940-njy ýyllaryň sürgüniniň 75-nji ýyl dönümini belleýär

0
Orsýetiň Galmygystan regiony galmyklaryň sowet diktatory Iosif Stalin tarapyndan Sibire köpçülikleýin sürgün edilmeginiň 75-nji ýyl dönümini belleýär.


28-nji dekabrda Galmygystanyň buddist ybadathanalarynda geçirilen dini ybadatlar 1943-1956-njy ýyllaryň deporasiýasynyň netijesinde ýogalanlaryň hatyrasyna matam tutdular.


Müňlerçe adam Galmygystanyň paýtagty Elistanyň merkezinde dikilen "Gidiş we gaýdyş" atly ýadygärligiň öňünde geçirilen matam çäresine gatnaşdy. Ýadygärligi amerikan-rus skulptory Ernst Neizwestnyý döretdi. 


Mongol dilinde gepleýän esasan buddizm dinine uýýan galmyklar 1940-njy ýyllarda nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlykda aýyplanyp, ýaşaýan ýerinden zor bilen Sibire göçürlen halklaryň biri.


1943-nji ýylyň 28-nji dekabrynda 100 müň çemesi galmyk mal daşaýan wagonlara ýüklenip, Sibire sürgün edilipdi. Resmi bolmadyk sanlara görä, olaryň azyndan üçden bir bölegi ýolda heläk bolupdyr. Sürgünlikde aman galanlara 1956-njy ýylda Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynyň golaýynda ýerleşýän Galmygystana dolanmaga rugsat berildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса