Belarusda sowet pidalarynyň jaýlanan ýerinden haçlaryň aýrylmagyna garşy 15 aktiwist tutuldy
Haçlar Kurapatydaky hatyra künjeginden aýryldy, bu Minskiniň etegindäki tokaýlyk ýer bolup, sowet häkimiýetleri ol ýerde 1930-njy we 1940-njy ýyllarda öldürilen adamlaryň azyndan 30 müňüsini jaýlapdy.
4-nji aprel güni irden bu ýere sekiz ekskawator geldi we haçlary gazyp, goparmaga başlady. Birnäçe aktiwist ekskawatorlaryň işini togtatmaga synanyşdy we şol pursatda hem ara polisiýa goşuldy.
Tussag edilen aktiwistleriň arasynda oppozisiýadaky Ýaşlar frontynyň ozalky lideri Zmitser Daşkewiç; Hristian demokratik partiýasynyň esaslandyryjy komitetiniň egindeş başlygy Paval Sevyarynets; aktiwistler Dzyanis Urbanowiç we Pilip Şaurau dagy hem bar.
