Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Новости за 01.04.2019

Russiýanyň gurply işewür zenany Germaniýadaky uçar heläkçiliginde öldi

Azathabar.com 

Russiýanyň iň gurply aýallarynyň biri, “S7 Groupyň” başlygy we onuň eýeleriniň biri Nataliýa Filewa Germaniýanyň günorta-günbatarynda bolan uçar heläkçiliginde öldi diýip, S7 howaýollary kompaniýasy aýdýar. Howaýollary kompaniýanyň metbugat gullugy özüniň 31-nji martda beren maglumatynda “Epic-LT” kysymly ýeke motorly uçaryň Frankfurtyň günortasyndaky Egelsbah şäherçesindäki kiçi aeroporta golaýlan mahaly ýere gaçandygyny we şonda uçaryň bortunda 55 ýaşyndaky Filewanyň hem bolandygyny aýdýar.   Mundan öň... Читать дальше...

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlaryndan goşun gullugy üçin Türkmenistana dolanmagy talap edilýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edýärler.  Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň harby bölümleri martda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly ýaşlary harby gulluga çekmek üçin olaryň ene-atalaryna jaň etmek işini tutuş aýyň dowamynda amala aşyrypdyr. Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenistanyň harby resmilerinden... Читать дальше...

Wäşi Zelenskiý we Poroşenko gyzgalaňly prezident saýlawlaryna taýýarlanjaga meňzeýär

Azathabar.com 

Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen söweşýän, Moskwanyň öz territoriýasyny basyp almagyndan, gowşak ykdysadyýetden we dynuwsyz korrupsiýadan ejir çekýän Ukrainada wäşi we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý we häzirki prezident Petro Poroşenko gyzgalaňly prezident saýlawlaryna taýýarlyk görjek ýaly bolup görünýär. 31-nji martda geçirilen saýlawlarda sesleriň ýarysyna golaýynyň sanalmagyna garaşylýandygyna garamazdan, Zelenskiý sesleriň 30,2 prosentini almak bilen, täsirli ýeňşi gazanmaga tarap çaltlyk bilen barýar diýip... Читать дальше...

Ýaponiýa täze imperator bilen başlajak täze döwri ‘Reiwa’ atlandyrdy

Azathabar.com 

Ýaponiýa ýurduň imperatory Akihitonyň şu aýyň ahyryna tagtdan çekilmegi bilen başlajak täze döwrüň adynyň “Reiwa” diýlip atlandyryljakdygyny aýdýar. Kabinet sekretary Ýoşihide Suganyň 1-nji aprelde beren maglumatyna görä, bu at Akihitonyň mirasdüşer ogly Naruhito imperator bolan mahaly, ýagny 1-nji maýdan güýje girer. Onuň sözlerine görä, bu at 7-nji asyra degişli “Manýoşu” poeziýa ýygyndysyndan öz gözbaşyny alýar. Bu at iki sözi özünde jemleýär: “Rei” -  “düzgün-tertip” ýa-da “ýakymly” diýen manylar bilen ilteşdirilýär; “Wa” ... Читать дальше...

Erdogan munisipal saýlawlarda möhüm şowsuzlykdan ejir çekýän ýaly bolup görünýär

Azathabar.com 

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we onuň yslama esaslanýan “Ak partiýasy” ýurduň munisipal saýlawlarynda Ankarada ýeňilip, möhüm şowsuzlykdan ejir çekýän ýaly bolup görünýär.  1-nji aprelde Türkiýäniň media serişdeleriniň maglumatyna görä, oppozision Respublikan Halk partiýanyň (CHP) kandidaty Mansur Ýawaş Ankarada anyk ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Stambulda netijeleriň biri-birine örän golaý bolandygy sebäpli kimiň ýeňiş gazanandygy nämälim bolup galsa-da, Erdogan bu şäherde hem ýeňlişi kabul eden ýaly bolup görünýär. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






Россиян 10 и 11 мая ждут сильнейшие магнитные бури

Глава Воскресенска поздравил ветерана ВОВ с праздником

В Москве прошел праздничный салют в честь 79-й годовщины Победы в ВОВ

"Американская мечта" сегодня. Теория заговора оказалась правдой