Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Новости за 08.04.2019

'Suw üçin tölegden soň aýlyk berler'

Azathabar.com 

Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň käbiri öz işgärlerinden suw töleglerini öňünden almak üçin özboluşly bir usuly oýlap tapypdyr.  Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, hususan-da, "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärlerine, olar suw üçin töleg pullaryny öňünden tölemeseler, mart aýynyň aýlyklaryny bermekden ýüz öwrüpdirler. "Wodokanalyň işgärleri mart aýy üçin ne awans, ne-de aýlyk alyp bildi. Aprel aýynyň başynda bolsa, olardan awans almak üçin hasap bölümine 50 manat tabşyrmagy talap etdiler... Читать дальше...

Owganystan ‘Talyban’ bilen geçiriljek gepleşiklere özüniň hökümet delegasiýasyny iberer

Azathabar.com 

Owganystan Katardaky “Talyban” bilen geçiriljek gepleşiklere özüniň hökümet delegasiýasyny iberer. Bu 18 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek tagallalarynda potensial üstünlikdir. Birleşen Ştatlaryň we “Talybanyň” araçylary Kataryň paýtagty Dohada gepleşikleriň birnäçe tapgyryny geçiripdiler. Ýöne söweşiji topar Kabulyň hökümetini Birleşen Ştatlaryň “gurjagy” diýip atlandyryp, owgan hökümetiniň delegasiýasy bilen gös-göni gepleşikleri geçirmegi ret edipdi. Owgan prezidenti Aşraf... Читать дальше...

Türkmenistana sil geldi

Azathabar.com 

Türkmenistanda sil alan ýerleriň wideo ýazgylary Youtube websaýtynda peýda boldy. Wideolaryň birnäçesinde görkezilen tebigy hadysanyň Tagtabazarda bolandygy aýdylýar. 18-19-njy martda emele gelen sil we ýagyn Türkmenistanyň günbatar we günorta böleklerine erbet täsir ýetirdi.

Poroşenko bäsdeşi Zelenskiý bilen geçirjek debatyny 14-nji aprele süýşürmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 21-nji aprelde geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňýanynda, bäsdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen köpçüligiň öňünde geçirjek debatynyň gününi öňe süýşürmäge çagyrdy. 7-nji aprelde telewideniýede görkezilen interwýusynda Poroşenko bu debaty 14-nji aprelde Kiýewiň Olimpiýa stadionynda geçirmegi teklip etdi. Ilkibada bu debaty ses berişlikden öň “ümsümlik gününiň” öňýanynda, 19-njy aprelde geçirmek planlaşdyrylypdy. 31-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň... Читать дальше...

Owgan güýçleri bilen ‘Talybanyň’ arasyndaky söweş tapgyr bäşinji güni dowam edýär

Azathabar.com 

“Talyban” Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky Badgys welaýatyna güýçli hüjümlere başlandan soňra, owgan güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky söweş tapgyr bäşinji güni dowam edýär. 8-nji aprelde Owganystanyň Goranmak ministrligi beýanat ýaýradyp, soňky 48 sagadyň dowamynda Bala Murgap etrabyndaky çaknyşyklarda hökümetiň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 12 işgäriniň ölendigini mälim etdi. Ministrlik “Talybanyň 99 sany terroristi” öldürilen mahaly, hökümetiň güýçlerinden başga-da 10 esgeriň... Читать дальше...

Eýrandaky ýowuz sil sebäpli has köp etrap we oba ewakuasiýa edilýär

Azathabar.com 

Eýranyň häkimiýetleri ýurduň günorta-günbatarynda sil gelmek howpy abanýan has köp etraby we obany ewakuasiýa etmegi tabşyrdy. 19-njy martdan bäri Eýranyň 31 welaýatynyň 26-nda ýüzlerçe etrap we oba güýçli çabga ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çekýär. Bu tebigy betbagtçylykda häzire çenli azyndan 70 adam öldi. Eýranyň günorta-günbataryndaky nebit öndürýän Khuzestan welaýaty silden has köp ejir çekdi. Bu welaýatyň häkimi Gholamreza Şariatiniň 6-njy aprelde resmi IRNA habar agentligine beren maglumatyna görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса