Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Новости за 24.04.2019

Zelenskiý gazyň bahasyny aşaklatmak üçin HWF bilen gepleşikleri geçirmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Wolodymyr Zelenskiý 1-nji maýdan başlap ilatyň sarp edýän tebigy gazynyň bahasyny aşaklatmak üçin ýurduň hökümetini we döwlet eýeçiligindäki “Naftogaz Ukrainy” kompaniýasyny Halkara walýuta fondy (HWF) bilen gepleşikleri geçirmäge çagyrdy. Ukraina ençeme milliard amerikan dollary möçberindäki kredit programmasy bilen kömek edýän Halkara walýuta fondy Ukrainanyň tebigy gaz bahalaryny özüniň bazar derejesine görä kesgitleýändigini görmek isleýändigini mälim edipdi. Читать дальше...

Täjigistanda okaýan türkmen studentleri Türkmenistana gitmekden howatyrlanýarlar

Azathabar.com 

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistana gitmekden howatyrlanýarlar. Studentleriň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna döredýän migrasion çäklendirmeleri muňa sebäp bolýar. Üstesine, Türkmenistanyň bilim ministrligi ýaňy-ýakynda çap eden sanawy bilen ýurtda mundan beýläk ykrar ediljek daşary ýurt okuw jaýlarynyň sanyny çäklendirdi. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň Duşenbedäki habarçysy Mullorajab Ýusufiniň sözlerine görä... Читать дальше...

BMG: Koalisiýa güýçleriniň parahat ilatdan öldüren ýaşaýjylarynyň sany ‘Talybanyňkydan’ has köp

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň hökümet güýçleriniň parahat ilatdan öldüren ýaşaýjylarynyň sanynyň “Talyban” we beýleki söweşijileriň öldüreninden has köpdügi aýdylýar. Bu görkeziji ýylyň ilkinji üç aýynyň jemlerine degişli bolup, BMG 2009-njy ýylda Owganystanda parahat ilatdan adam ýitgileriniň sanawyny hasaba alyp başlanyndan bäri, şeýle görkezijä ilkinji gezek duş gelinýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasy (UNAMA)... Читать дальше...

Hong Kongyň sudy demokratiýa tarapdar hereketiň liderini türme tussaglygyna höküm etdi

Azathabar.com 

Hong Kongyň sudy 2014-nji ýyldaky demokratiýa tarapdar “Okkupirlemek” hereketiniň sekiz liderini degişlilikde 16 aýa çenli türme tussaglygyna höküm etdi. Bu Hong Kongda aktiwistler köçelerde köpçülikleýin protestlere başlanyndan bäş ýyla golaý wagt soň, Hytaý tarapyndan dolandyrylýan şäherde azatlyklaryň aşaklaýandygynyň iň soňky alamaty ýaly bolup görünýär. 24-nji aprelde çykarylan höküm, Hytaýyň Kommunist partiýasynyň liderleriniň Hong Kong awtonomiýasyna basyşlaryny artdyran mahalynda, bir aýa... Читать дальше...

Hazarýaka döwletleriniň Goranmak ministrlikleriniň delegasiýasy Astrahanda duşuşdy

Azathabar.com 

Russiýanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Goranmak ministrlikleriniň delegasiýasynyň ilkinji duşuşygy Astrahanda geçirildi diýip, “TASS” habar agentligi Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, 24-nji aprelde habar berdi. Ministrlik özüniň çarşenbe güni beren maglumatynda taraplaryň “Hazar deňzinde hadysalaryň bolmagynyň öňüni almak boýunça ylalaşygyň ýerine ýetirilişi bilen ilteşikli meseleleri” maslahat edendigini aýtdy. Hazar flotiliýasynyň komandiri kontr-admiral... Читать дальше...

Demirgazyk Koreýanyň lideri Wladiwostokda Putin bilen duşuşmak üçin Russiýanyň serhedinden geçdi

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Russiýanyň uzak gündogarynda ýerleşýän Wladiwostok şäherinde prezident Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygyndan bir gün öň, otly bilen rus serhedinden geçdi. Demirgazyk Koreýanyň resmi “KCNA” habar agentligi 24-nji aprelde beren maglumatynda Kimiň we hökümet delegasiýasynyň, şeýle-de ýaragly güýçleriň resmileriniň Phenýandan ýaraglandyrylan hususy otluda gidendigini mälim etdi. Olar 700 kilometre golaý uzynlykdaky ýoly otluda geçerler. “25-nji apreldäki... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Синоптики спрогнозировали в столичном регионе дождь и потепление 10 мая

Беременная актриса Арзамасова отправилась на отдых с девушкой своего пасынка

Во время магнитных бурь дачникам порекомендовали снизить темп работ

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" расшифровал смысл "ДНК В.И. Ленина".