Pakistanyň DIM-niň başlygy Hindistan harby hüjüme taýýarlanýar diýýär
Kureşi 7-nji aprelde ýurduň günortasyndaky Multan şäherinde bu hüjümiň 16-20-nji aprel aralygynda boljakdygyny aýtdy.
Ol bu hüjüm barada özünde bar bolan maglumaty doly açmady, emma premýer-ministr Imran Hanyň bu habary jemgyýetçilige ýetirmäge razylyk berendigini aýtdy.
Kureşi Pakistanyň hüjüm ähtimallygy baradaky habary BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş hemişelik agzasyna hem ýetirendigini aýtdy.
Hindisatnyň Daşary işler ministrligi Pakistanyň aýdýan zatlaryna bada-bat jogap bermedi.
