Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Serbiýanyň hökümte garşy demonstrasiýaçylary protesti şäher geňeşiniň binasyna, Pink TW-a ýetirdiler

0
Serbiýanyň paýtagty Belgradda tapgyr 18-nji hepde hökümete garşy ýöriş geçirýän protestçilar 1941-nji ýylda, Ikinji Jahan urşy mahalyndaky paýtagt bombalamasynyň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk etdiler.


Protestçiler 6-njy aprelde esasy hökümet binasynyň öňünde toplanyp, soňra şäher geňeşiniň jaýyna tarap ýöriş etdiler we ol ýerde şäher merkezindäki gurluşyk meýdançalaryndan ýyganala materiallardan barrikada ýasadylar.


Serbler Belgradda we beýleki şäherlerde, öz sözleri bilen aýdylsa, prezident Aleksandar Wuçiçiň awtokratik dolandyryşyna garşy protest bildirýärler we has giň metbugat azatlygyny hem-de adalatly saýlawlary talap edýärler.


 Wuçiç özüniň hökümete garşy protestçiler tarapyndan gorkuzylyp bilinmejegini aýdýar we olaryň liderlerini “faşistler, bozgaklar we ogrular” diýip häsiýetlendirýär.


Oppozisiýa liderleri soňky demonastrasiýadahökümetçi neşir hasaplanylýan Pink TW-siniň baş binasyna baryp, öldürilen kosowa serb lideri Oliwer Iwanowiçiň hatyrasyna gül çemenini goýdular. Ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda Mitrowisede, Kosowanyň albanlaryň köplükde, serbleriň azlykda ýaşaýan şäherinde ýerleşýän partiýa edarasyna gelende atylyp öldürildi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса