Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Grek polisiýasy ýalan habarlardan soň Demirgazyk Makedoniýanyň serhedindäki bosgunlar bilen çaknyşdy

0
Grek polisiýasy Demirgazyk Makedoniýanyň serhedinde ýalan habarlardan soň tapgyr üç gün, sosial mediada çykan ýalan habarlar esasynda Merkezi Ýewropa aşmaga ýol gözleýän ýüzlerçe bosgun bilen çaknyşdy.


Polisiýa 6-njy aprelde, mirgrantlaryň käbiri offiserleri daşlanyndan soň, göz ýaşardyjy gaz we ses sykaryjy granat ulananydygny aýtdy.


Häkimiýetler bu çaknyşyklara sosial mediada Merkezi Ýewropa barmak çäklendirilmeleriniň ýatyrylandygy barada ýaýradylan galp habarlaryň sebäp bolandygyny aýdýarlar.


Galp habarlarda migrantlar üçin üç ýyl bäri berk möhürlenip ýapylan serhediň ýene açylandygy, hökümetden aýry guramalaryň serhediň Demirgazyk Makedoniýa tarapynda duran çarter awtobuslarynyň olary demirgazyk tarapa alyp gitjekdigi aýdylýar. 


Bosgunlar 4-nji aprelde gelip, Gresiýanyň Demirgazyk Makedoniýa bilen serhedine golaý Diawata migrant lageriniň gapdalyndaky meýdançada çadyrlaryny dikdiler. 


"Biz galp habarlara garşy hemişe göreşmeli” diýip, Migrantlar syýasaty ministrliginiň demirgazyk Gresiýa boýunça utgaşdyryjysy Nikos Ragos AP habar gullugyna aýtdy.


Gresiýanyň Ant1 telewizion stansiýasy “Umyt kerweni” diýilýän gurama tarapyndan arap dilinde ýazlylyp iberilen hatyň ekrandan alnan suratyny görkezdi, onda Gresiýanyň Demirgazyk Makedoniýa bilen aradaky serhedi 5-nji aprelde, günortan açjakdygy aýdylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса