Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Eýrandaky ýowuz sil sebäpli has köp etrap we oba ewakuasiýa edilýär

0
Eýranyň häkimiýetleri ýurduň günorta-günbatarynda sil gelmek howpy abanýan has köp etraby we obany ewakuasiýa etmegi tabşyrdy.


19-njy martdan bäri Eýranyň 31 welaýatynyň 26-nda ýüzlerçe etrap we oba güýçli çabga ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çekýär. Bu tebigy betbagtçylykda häzire çenli azyndan 70 adam öldi.


Eýranyň günorta-günbataryndaky nebit öndürýän Khuzestan welaýaty silden has köp ejir çekdi.


Bu welaýatyň häkimi Gholamreza Şariatiniň 6-njy aprelde resmi IRNA habar agentligine beren maglumatyna görä, hökümet uly bentlerdäki suwy goýberen mahaly, alty etrabyň “tizden-tiz ewakuasiýa edilmelidigini” aýtdy.


Eýranyň media maglumatlaryna görä, welaýatyň paýtagty Ahwazyň golaýyndaky Hamidieh etrabynyň 2000-den gowrak ýaşaýjysy ýurduň armiýasynyň jaýlaryna göçürildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса