Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Parižiň baş ybadathanasyndaky ýangyn doly söndürildi; Makron Notre Damy gaýtadan dikeltmegi wada berdi

0
Parižiň merkezindäki orta asyrlara degişli Notre Dame baş ybadathanasynda dörän ýangyn 16-njy aprelde doly söndürildi diýip, fransuz paýtagtynyň ýangyn söndüriji departamenti yglan etdi.


15-nji aprelde öýlän wagty tutaşyp başlan ybadathanadan çykan alawlar sanlyja minudyň dowamynda onuň merkezi bölegindäki üçeginiň aglaba bölegine ýaýrady we çür diňini ýumurdy.


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron bahasyna ýetip bolmajak, halkyň ruhy diýlip häsiýetlendirilýän ýadygärligi gaýtadan dikeltmegi wada berdi. Makron ýangynyň bir pursadynda alawlaryň baş ybadathananyň tutuş binasyna howp abandyrandygyny aýdyp, “iň ýaramaz ýagdaýyň öňüniň alnandygyny” belledi.


Dünýäde syýahatçylar tarapyndan iň köp zyýarat edilýän ýerleriň biri, 850 ýyllyk gotiki binanyň üçegi we çür diňi ýumrulsa-da, onuň esasy gurluşy, şol sanda iki sany jaň minarasy we daşky diwarlary halas edildi.


Parižiň häkimi Anne Hidalgo baş ybadathananyň gaýtadan dikeldilmegi boýunça donor konferensiýasyny geçirjekdigini mälim etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса