Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Türkmen, türk we azeri resmileri Stambulda enegriýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

0
Stambulda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça üç taraply duşuşyk geçirildi diýip, “Trend” habar gullugy Azerbaýjanyň Energiýa ministrligine salgylanyp habar berýär.


Türkiýeden bu duşuşyga energiýa we tebigy serişdeler ministri Fatih Donmez, Azerbaýjandan energiýa ministri Parwiz Şahbazow, Türkmenistandan “Türkmenekologiýa” döwlet konserniniň başlygy Şahym Abdyrahmanow gatnaşdy.


Neşiriň maglumatyna görä, duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleler, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary we geljekdäki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Soňra Parwiz Şahbazow bilen Fatih Donmeziň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi.


Bu duşuşyk Türkmenistanyň Orsýete üçýyl arakesmeden soň, gaýtadan gaz iberip başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Aşgabat energiýa bahalarynyň global arzanlamasyndan soň, esasy iki gaz alyjysynyň biri Orsýeti ýitirmek bilen daşary ýurt kompaniýalaryna bergili bolup, sud şikaýatlaryna sezewar boldy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса