Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Şri-Lankada bolan partlamalarda 150-den gowrak adam öldi

0
Şri-Lankada 21-nji aprelde bolan partlamalar netijesinde 150-den gowrak  adam öldi, 400-den gowrak adam bolsa ýaralandy.


Azyndan alty partlamanyň bolandygy aýdylýar.


Paýtagtdaky partlamalar dindarlaryň pasha çärelerine toplanýan birnäçe ýerinde, şol sanda myhmanhanalarda we ybadathanalarda gurnaldy.


Paýtagtyň demirgazygyndaky  Negombo şäherinde, Kolombonyň gapdalyjygynda, ýene paýtagtdan 250 km gündogardaky Battikaloada üç ybadathana nyşana alyndy.


Negomboda, merhemetli Sebastiaýanyň Katuwatiwiýadaky ybadathanasynda bolan partlamanyň eden weýarançlygy ybadathananyň feýspul sahypasynda çap edildi, ol suratlarda gana bulaşan pol we oturgyçlar görünýär.


Ybadathana jemgyýetçilikden kömek sorady.


Bäş ýyldyzly myhmanlarda hem üç partlama boldy diýip, polisiýa aýtdy.


Maliýe ministri Mangala Samaraweera twitterde hüjümleriň “adam öldürmek, maýyp etmek we baş-başdaklyk döretmek üçin gowy utgaşdyrylana meňzeýändigini” we “köp bigünä adamy öldürendigini”  aýtdy.


Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.


Prezident Maithripala Sirisena adamlary asudalyga hem-de häkimiýetlere derňew geçirmekde kömek etmäge çagyrdy.


Şri-Lankanyň ilatynyň diňe ýedi prosenti  hristian. Köp adam buddaçy. 


Dünýä liderleri bu hüjümleri ýazgaryp çykyş etdiler. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса