Eýran we Pakistan serhedi terrorizmden bile goramak barada ylalaşdylar
"Biz terrorizme garşy göreşmek üçin serhetlerde tiz reaksiýa görkezýän bilelikdäki güýçleri döretmek hakynda ylalaşdyk" diýip, Rohaniniň Imran Han bilen 22-nji aprelde Tähranda geçirilen bilelikdäki metbugat-konferensiýada aýdandygy media maglumatlarynda aýdyldy.
Bu beýanat iki ýurduň özara serhedinde ýaragly söweşijileriň jemlenmegine garşy ýeterlik çäre görmezlikde bir-birini aýyplamagynyň netijesinde soňky aýlarda dörän dartgynly döwürde edildi.
“Pakistan öz tarapynda 'hiç bir söweşiji toparyň' hereket etmegine ýol bermez" diýip, Imran Han aýtdy.
Pakistanyň premýer-ministri Eýrana ilkinji resmi sapary bilen 21-nji aprelde bardy. Onuň ýurtara gatnaşyklary pugtalandyrmak, "terrorizme garşy göreşmek we serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek" ýaly meseleleri maslahat etjegini Eýranyň resmi mediasy habar beripdi.
