Wäşi Zelenskiý Ukrainanyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy
21-nji aprelde geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda berlen sesleriň 73.2 prosentiniň hasaplanmagynda Zelenskiý 73.1% ses toplady, 53 ýaşly milliarder Poroşenko diňe 24.6 % sese eve boldy. Bu sanlar deslapky çaklamalara deň geldi.
Zelenskiý prezidentlige dalaş edende özüni "sistemany dargatmak üçin gelen ýönekeý adam" diýip atlandyrdy we Ukrainada orsýetçi separatistler bilen bäş ýyllyk uruşyň fonunda syýasatyň korrupsiýa we garyndaşparazlyga batandygyny belledi.
Poroşenko deslapky sanlaryň mälim bolmagynyň yzýany eden çykyşynda özüni Orsýetiň agressiýasyny gowşatmaga ukyply syýasatçy diýip atlandyrdy.
"Men meniň ýeňşimi ýaňyja gutlan Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenka örän minnetdar" diýip Zelenskiý 21-nji aprelde saýlaw nokatlaryň ýapylan badyna eden çykyşynda aýtdy.
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Zelenskini garaşylan ýeňişi bilen gutlady. Gutlaglar Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremi Hunt tarapyndan hem edildi.
Ýerli neşirler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Zelenskini gutlamak üçin onuň bilen telefonda gepleşendigini aýtdy.
