Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Şri-Lanka: bomba partlamasynda heläk bolanlaryň sany 300-den geçdi, ençeme adam keselhanada galýar

0
Şri-Lankada 21-nji aprelde myhmanhanalarda we pasha baýramçylygy sebäpli köp adamly ybadathanalarda bolan bomba partlamalarynda wepat bolanlaryň sanynyň 310 adama ýetdi, 500 çemesi adam ýaralandy diýip, polisiýa habar berdi.


Polisiýanyň 23-nji aprelde aýtmagyna görä, ýaralanan adamlaryň ýüzlerçesi keselhanada galýar, partlamalar bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 40 golaý adam tussag edilipdir. 


21-nji aprelde Kolombo şäheriniň özünde we onuň daşynda bolan jemi dokuz sany partlama on ýyl mundan öň weýrançylykly graždan urşuny başdan geçiren ýurduň soňky taryhynda iň heläkçilikli waka boldy.


23-nji aprelde pidalaryň hatyrasyna matam tutulyp, tutuş ýurt boýunça üç minutlyk dymyşlyk yglan edildi.


Hökümetiň metbugat-wekili Rajitha Senaratne partlamalary amala aşyrmakda "Milli Thowheeth Jama'ath" (NTJ) ekstremist toparynyň güman edilýändigini aýtdy.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса