Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Gazagystanda prezidentlige dalaş etmek üçin sekiz kandidat arzalaryny tabşyrdy

0
Gazagystanda iýunda geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryna sekiz kandidat, şol sanda prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kasym-Žomart Tokaýew hem öz arzasyny tabşyrdy diýip, Merkezi Saýlaw Komissiýasy maglumat berýär.


Dokuzynjy dalaşgär, Gazagystanyň Gurluşykçylar Birleşmesiniň hödürlän kandidaty Talghat Erghaliýew 29-njy aprelde öz kandidaturasyny aýyrdy.


Prezidentlige dalaş etmek üçin arzalary tabşyrmak möhleti 28-nji aprelde tamamlandy.


Saýlawlarda häkimiýet başyndaky Nur Otan partiýasynyň hödürlän kandidaty – Tokaýewiň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar. Beýleki dalaşgärler degişlilikde kän bilinmeýän syýasatçylar bolup, olaryň irki saýlawlaryň öňüsyrasynda doly derejeli saýlaw kampaniýasyny geçirmek üçin wagtlary hem çäkli bolmagyna galýar.


Oppozisiýa hökmünde çykyş edýän ýeke-täk hasaba alnan syýasy partiýa, ýagny Umumy-milli Sosial Demokratik Partiýasy saýlawlary boýkot etjekdigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса