Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 04.10.2021

Türkmenistanyň prezidenti Özbegistana bardy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça 4-nji oktýabrda resmi sapar bilen Daşkende bardy. Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Daşkentiň halkara howa menzilinde duşuşdy. "Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň başlygy bilen bilelikde Garaşsyzlyk meýdanyna baryp, Garaşsyzlyk we Gumanizm ýadygärligine gül goýdy" diýilip, resmi habarda aýdylýar. Özbegistanyň we... Читать дальше...

Baýramalyda wirus bilen keselleýän mekdep mugallymlary görnetin köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirus hadysalary möwjeýän mahaly, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda wirus bilen keselleýän mekdep mugallymlary görnetin köpelýär. Bu ýagdaý orta mekdeplerde okuwçylaryň gündelik sapaklarynyň ýarysyny mugallymsyz synplarda, boş geçirmegine getirýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.

Ilat Pälwan Halmyradowyň azatlyga çykmagyny uly şatlyk bilen garşylady, häkimiýetler 'tisgindi'

Azathabar.com 

Iki hepde töweregi mundan ozal türkmen türmesinden azatlyga çykan belli aýdymçy Pälwan Halmyradow geçen döwrüň dowamynda üç gezek Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekildi – häkimiýetler aýdymçyny iki gezek milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli edarasyna çagyrypdyrlar, bir gezek onuň ýaşaýan ýerinde gürrüňdeşlik geçiripdirler.

Sakarçägäniň häkimi koronawirusdan öldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi Toýly Atajanow koronawirusa ýolugandan soň aradan çykdy. Bu barada Azatlyga 4-nji oktýabrda mälim boldy. 40 ýaşlaryndaky ozalky resmi ençeme günläp sebitiň keselhanasynyň reanimasiýa bölüminde ýatdy, oňa hatda emeli dem alyş ulgamy hem çatyldy diýip, bu ýagdaýlary ýakyndan öwrenen Azatlygyň ýerli habarçysy gürrüň berdi. Ol Atajanowyň duşenbe güni ýerli wagt bilen 17:00-da jaýlanjakdygyny hem anyklamagy başardy. Koronawirusyň ýeke ýagdaýyny... Читать дальше...

COVID çäklendirmeleri sebäpli “köp telekeçi batdy”, salgyt gullugy “onda-da töleg soraýar”

Azathabar.com 

Türkmenistanda pandemiýa adalarynyň arasynda bazarlaryň, hususy dükanlaryň hem gapylary möhürlenenden soň, häkimiýetler tarapyndan hiç hili goldawyň berilmeýändigini aýdýan hususy söwdagärler uly zyýana galýandyklary sebäpli, telekeçilik işlerini doly togtatmak kararyna gelendiklerini belleýärler. Şol bir wagtda, ýerli salgyt gulluklary telekeçileriň arzalaryny kabul etmän, “islendik ýagdaýda” salgyt tölemeli boljakdyklaryny, bolmasa-da işleriniň suda geçiriljekdigini duýdurýarlar.

Haryt belgisi "Çingizhan". Hytaý mongollary nädip özüne birleşdirýär

Azathabar.com 

Hytaý häkimiýetleri öz çäginde – Içerki Mongoliýa awtonom sebitinde ýaşaýan mongollary kem-kemden özüne goşup-garmak ugrunda syýasat alyp barýar. Bu maksat üçin, Çingiz hanyň hytaýlydygyny yglan edýän, iň geň usullary-da ulanýar. Hytaýyň Içerki Mongoliýa awtonom sebitiniň umumy ilat sany Mongoliýanyňkydan sekiz esse köp, emma sebitiň territoriýasy bir ýarym esse kiçi. Şol bir wagtyň özünde, Içerki Mongoliýadaky mongollar öz topragynda etniki azlykdyr, olar diňe 17% bolup, galan 80%-e golaýyny hytaýlylar, has takygy hanlar düzýär. Читать дальше...

Daşoguz-Akdepe ýolunda ýol heläkçiliginde sekiz adam öldi

Azathabar.com 

2-nji oktýabrda Daşoguz-Akdepe awtoulag ýolunda bolan ýol heläkçiliginde sekiz adam wepat boldy. Betbagtçylykdan soň awtoulag ýoly ýapyldy diýip, Turkmen.news neşri 4-nji oktýbarda habar berdi.  Maglumata görä, heläkçilik Dýueji obasynyň we şypahananyň golaýynda bolupdyr. Hersinde dört adamdan bolan iki awtoulag çaknyşyp, adamlaryň hemmesi wepat bolupdyr.  Neşir Daşoguz tarapyndan barýan ulagy polisiýa işgäriniň surendigini we onuň jenaýat derňewiniň işgäri bolandygyny habar berýär. Çeşmelere görä... Читать дальше...

“Pandora” dokumentleri Alyýewiň, Zelenskiniň we beýleki dünýä liderleriniň gizlin baýlygyny paş edýär

Azathabar.com 

Maliýe dokumentleriň giňden ýaýramagy Azerbaýjanyň we Ukrainanyň prezidentleriniň, şeýle hem dünýäniň ýüzlerçe syýasatçylarynyň we milliarderleriniň baýlygyny gizlemek üçin salgytdan azat zonalaryny ulanýan kompaniýalar bilen aýdylýan arabaglanyşygynyň üstüni açdy. “Pandora kagyzlary” diýlip atlandyrylýan ofşor kompaniýalaryndan alnan faýllara 35 sany häzirki we öňki ýolbaşçylar we 300-den gowrak resmi barada maglumat girýär. Derňeýji žurnalistleriň Halkara Konsorsiumy (ICIJ) tarapyndan gurnalan... Читать дальше...

Kabulyň metjidiniň daşyndaky partlamada iki adam wepat boldy

Azathabar.com 

"Talyban" guramasynyň resmisi, ejesiniň jynazasynyň geçýän wagtynda Kabul metjidiniň daşynda bolan partlamada owgan raýatlarynyň wepat bolandygyny aýtdy. "Kabuldaky Eýdgah metjidiniň girelgesiniň golaýynda parahat ilatyň ýygnanan wagtynda bolan bomba partlamasy ençeme adamyň wepat bolmagyna sebäp boldy" -diýip, "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid 3-nji oktýabrda Twitterde ýazdy. "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Içeri işler ministrliginiň gatnaşyklar bölüminiň müdiri Saýed... Читать дальше...

'BioNTech': wirusyň üýtgemegine garşy durmak üçin waksinalar üýtgedilmeli bolup biler

Azathabar.com 

"Pfizer" bilen bilelikde COVID-19 keseline garşy ilkinji sanjymyny döreden nemes biotehnologiýa "BioNTech" firmasynyň baş müdiri, wirusyň geljekdäki mutasiýalaryndan goranmak üçin 2022-nji ýylyň ortalaryna täze formulanyň gerek boljakdygyny aýtdy. Ugur Sahin 3-nji oktýabrda "Finansal Taýms" gazetine beren interwýusynda wagtyň geçmegi bilen wirusyň mutasiýa bolmagynyň bedeniň immunitetini peselder diýdi. Şu ýyl täze sanjym zerur däl bolsa-da, "indiki ýylyň ortalaryna başga ýagdaý bolup biler" -diýip Sahin... Читать дальше...

Irki netijeler Gürjüstanda häkimiýet başyndaky partiýanyň öňdedigini görkezdi

Azathabar.com 

Gürjüstanda saýlawlaryň gutarnykly netijeleri, ýokary dartgynlylyk, saýlaw galplyklary baradaky aýyplamar we bu Günorta Kawkaz ýurdunyň iki esasy syýasy güýjüniň ýeňiş gazanandygy baradaky irki beýanatlary ýaly ýagdaýlaryň fonunda ýerli saýlawlarda dolandyryjy partiýanyň bäsdeşlerinden has öňde durýandygyny görkezýär. 3-nji oktýabrda Merkezi saýlaw komissiýasynyň eden beýanatyna görä, ýurduň 3 743 uçastogynyň birinden başga ählisiniň netijeleri dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasynyň 46,7% ses toplandygyny görkezýär. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?






Baijiahao: Россия нашла способ лишить Великобританию золота

Участок, соединяющий Южную рокаду и МСД, готов практически на 70%

МИД России: приднестровское урегулирование невозможно без пересмотра Кишинёвом своей линии

Актер Бурак Озчивит приехал в Москву на съемки