Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 13.10.2021

Lebapda soňky üç aýda bäş gezek bankomat talandy

Azathabar.com 

Tutuş dünýäde häzirki zaman maliýe ulgamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bankomatlar ýokary derejede howpsuzlyk bilen üpjün edilýär. Ýöne maliýe ulgamyny digitallaşdyrýandygyny öňe sürýän Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Kerki etraplarynda soňky üç aýda bäş gezek bankomatlar talandy. Bu barada biri-birinden habarsyz iki çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

"Bäş adam bolup topuldylar". Türkmen aktiwistleri Stambuldaky hüjüm barada gürrüň berdiler

Azathabar.com 

Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistlerine basyş güýçlenýär. 11-nji oktýabrda Türkmen aktiwistleriniň üçüsi Stambulda näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjildi. Öz pikirini açyk beýan edýän we Türkmenistandaky problemalary gozgap, sosial mediada çykyş edýän türkmenistanlylaryň ýene ençemesine haýbatlar atylýar we hatda hüjüm ediljekleriň indikisi boljakdygy açyk duýdurylýar. Aktiwistler özlerine edilýän basyşyň aňrysynda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň durandygyna ynanýarlar.

Gara bazarda dollar 22 manatdan aşak düşdi

Azathabar.com 

Dollaryň gara bazar bahasy Türkmenabatda 22 manada – 21 manat 80 teňňä çenli aşaklady. Manadyň dollar garşysynda sähel hümmetlenmegi bilen käbir harytlaryň bahalarynda hem aşaklamak meýilleri göze ilýär. Ýöne, umumylykda, harytlaryň gymmatçylygy saklanyp galýar. Hojalyk serişdeleri we azyk önümleri şol bir gymmat bahadan satylýar.

Kamala Harris ýerli halklar meselesindäki "utandyryjy geçmişi" ýatlamaga çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris amerikan kenarlaryna gelip düşen ýewropaly açyjylaryň "tire-taýpa halklary üçin betbagtçylyk tolkunyny döredendigini, zorluk edendigini, ýerleri ogurlandygyny we kesel ýaýradandygyny" aýtdy. “Biz bu utançly geçmişi bilmezlik etmeli däldiris. Biz muňa üns bermeli we geçmişiň ýerli jemgyýetlere şu günki günde edýän täsirini ýeňip geçmek üçin elimizden gelenini etmeli" diýip, ol ýerli halklaryň hukuklaryny goramak boýunça iň uly gurama, Amerikan hindi milli kongresine ýüzlenip aýtdy. Читать дальше...

Özbek deputatlary "könelişen propiska" baradaky kanun taslamasyny maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Ýokary mejlisiniň kanunçylyk palatasynyň deputatlary propiskany, adamyň ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alynmagy baradaky düşünjäni "ahlak taýdan könelişen" hasaplaýan we onuň ýerine alternatiw şertleri teklip edýän kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy. Özbek parlamentiniň metbugat gullugynyň 12-nji oktýabrda beren habaryna görä, gürrüňi edilýän kanun taslamasy, işjeň çekişmelerden soň, deputatlar tarapyndan birinji okalyşda kabul edildi. Deputatlaryň pikiriçe, "hasaba almak" adalgasy adamlaryň aňynda "päsgel bermek"... Читать дальше...

Gyrgyz kazyýeti ömürlik tussag edilen täjikleriň şikaýatlaryna sereder

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Batken sebitiniň Leýlek etrap kazyýeti iki täjigistanlynyň özlerine garşy çykarylan ömürlik tussaglyk hökümine garşy şikaýatlaryna sereder. Olar 2021-nji ýylyň ýazynda Täjigistan bilen serhetdäki ýaragly çaknyşykda jenaýat etmekde günäli tapyldy. Bu barada Azatlyk radiosynyň täjik gullugy habar berýär. Sentýabr aýynyň ortalarynda kazyýet Abdurozik Abdukahharowy we Askar Ýunusowy Jenaýat kodeksiniň 380-nji maddasy ("Parahatçylyga garşy jenaýatlar") we Jenaýat kodeksiniň 391-nji maddasy ("Talaňçylyk") boýunça günäkär tapdy. Читать дальше...

Samarada 68 özbek raýatynyň zäherlenmeginde aýyplanan adama şertli ýyl kesildi

Azathabar.com 

Samara sebitiniň Syzran etrap kazyýeti “Koşelewskiý Posad” kompaniýasynyň däne ammarynyň öňki müdiri Walentina Ýakunina garşy höküm çykardy, ol 40-dan gowrak adamyň geleňsizlik esasynda zäherlenmegine we üç adamyň ölmeginde aýyplandy. Ýakunina Jenaýat kodeksiniň 109-njy maddasynyň 3-nji bölüminde, seresapsyzlyk bilen ölüme sebäp bolmakda günäkär tapyldy. Kazyýet oňa iki ýyl synag möhleti bilen üç ýyl şertli tussaglyk hökümini çykardy. Şeýle-de oňa, ýöriteleşdirilen döwlet edarasyna habar bermezden... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Стефанос Циципас

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта






Российский турист напился и улегся спать на карнизе второго этажа музея, шокировав прохожих

Работу подмосковных котельных автоматизируют к сентябрю

Жителей Москвы предупредили об аномально холодной погоде

В Госдепе заявили, что CША признают Путина президентом России