Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 27.10.2021

Häkimiýetleriň daň garaňkyda satuwa çykarýan çöregi adamlaryň 60%-ne ýetýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti un we çörek gytçylygynyň arasynda Aşgabadyň häkimiýetleri adamlaryň uzyn nobatlaryny gizlemek maksady bilen, çöregi daňdan garaňkyda satuwa çykarýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 27-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi. Habarçylarymyzyň iberen wideolarynda paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynyň birnäçesiniň öňünde daň säheriniň çigrek howasynda, garaňkyda onlarça adamyň, şol sanda ejeleri bilen baran ýaş çagalaryň nobata durandygyny görse bolýar. Читать дальше...

Türkmen protestleriniň ýyl ýazgysy

Azathabar.com 

Soňky 1,5 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň protest hereketi güýçlendi. Türkmen aktiwistleri ABŞ-da, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde türkmen hökümetine garşy protest aksiýalaryny geçirdi. Türkmenistanyň öz içinde hem raýat nägileligi ýygjamlaşdy.

Türkmenistanlylar hakyky Garaşsyzlyk gününi ýatlaýarlar

Azathabar.com 

Şu gün, 27-nji oktýabr türkmenistanlylaryň köpüsiniň arasynda 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň yglan edilen güni, şeýle-de ozalky SSSR-iň düzüminde häzirki zaman türkmen döwletiniň düýbüniň tutulan güni hökmünde ýatlanylýar. Bu taryhy sene 26 ýyl soň, öň hiç kimiň ýadynda düşmejek bir güne, 27-nji sentýabra geçirilip, 2018-nji ýyldan bäri bir aý öňünden bellenilýär we 27-nji oktýabr güni bilen bagly möhüm taryhy wakalar metbugatda asla ýatlanylmaýar. Azatlygyň... Читать дальше...

ABŞ Sudanyň premýer-ministriniň boşadylmagyny gowy garşylap, agdarylyşyga jogap çärelerini seljerýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Sudanyň häkimiýetden çetleşdirilen premýer-ministri Abdalla Hadok bilen gepleşdi. Mundan öň, Sudanda häkimiýeti ele geçiren harbylar tussag edilen premýer-ministriň öýüne dolanmagyna rugsat beripdiler. Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýsyň maglumatyna görä, 26-njy oktýabrda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Blinken Hamdokyň azat edilmegini gowy garşylapdyr, şeýle-de “sudan harby güýçlerine tussaglykdaky ähli raýat liderlerini boşatmagy... Читать дальше...

Eýranyň, ÝB-niň wekilleri Ýadro ylalaşygy boýunça Brýusselde duşuşýarlar

Azathabar.com 

Eýranyň ýadro gepleşikler boýunça wekili 27-nji oktýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň wekili Enrikue Mora bilen duşuşar. Bu aralykda, ABŞ we ÝB resmileri 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça tagallalaryň dowam etdirilýändigini aýdýarlar. Şu hepdäniň başynda Ali Bagheri Kani özüniň Twitter hasabynda Brýusselde “netijä gönükdirilen gepleşikleri dowam etdirjekdigini” belläpdi. Kaniniň ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar, ýagny Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa... Читать дальше...

Türkmen delegasiýasy TOPH-y maslahat etmek üçin Kabula sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň resmileri TOPH gazgeçiriji proýektini maslahat etmek üçin şu hepde Kabula sapar ederler diýip, 27-nji oktýabrda Owganystandaky “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet mälim etdi. Bu barada Reuters gullugy habar berýär. Uzynlygy 1 müň 800 km geçirijiniň üsti bilen ýylda 33 milliard m3 türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmak göz öňünde tutulýar. “Biz eýýäm belli bir wagt köp işledik, häzirki pursat TOPH proýektiniň üstünde işläp başlamaga taýýardygymyzy buýsanç bilen aýdýarys” diýip... Читать дальше...

Hukuk topary Türkiýäni türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrýar

Azathabar.com 

Human Rights Watch (HRW) guramasy Türkiýäni iki türkmen aktiwistini yzyna – Türkmenistana ugratmazlyga çagyrdy. Hukuk topary olaryň sudsuz tussag edilmek we gynamalara duçar bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdügini belledi. Türk häkimiýetleri 18-22-nji oktýabr aralygynda üç aktiwisti – Ahmet Rahmanowy, Kamil Abulowy we Baýram Allalyýewi sakladylar we Stambuldaky deportasiýa merkezine ýerleşdirdiler. Human Rights Watch tassyklanmadyk maglumatlar esasynda olaryň deportasiýa edilmek howpunyň bardygyny duýdurdy. Читать дальше...

Içden urgy. Putin näme üçin Tatarstanyň baştutanyny "prezident" statusyndan mahrum etmek isleýär

Azathabar.com 

Russiýanyň täze saýlanan Döwlet Dumasynyň gün tertibinde, Russiýanyň ähli sebitleriniň administratiw baştutanlaryny "sebit başlyklary" diýip atlandyrmak baradaky kanun taslamasy durýar. Wladimir Putiniň Tatarstan respublikasyny "prezidentden" mahrum etmek maksadyna öz häkimiýetini "ýokardan aşaklygyna" berkitmek üçin, federalizme bilkastlaýyn edýän zarbasy hökmünde garalýar. Sebitlerde ýerine ýetiriji häkimiýet başlyklarynyň wezipelerini bellemek tertibi baradaky resminama Döwlet Dumasynyň täze düzümine ... Читать дальше...

Pentagon resmisi Talybanyň Owganystanda YD-a garşy durmak ukybyna şübhe bildirýär

Azathabar.com 

Iki toparyň "gan duşmanydygy" açyk-aýdyň bolsa-da bolsa-da, "Talybanyň" “Yslam döwleti” toparyna garşy netijeli söweşip biljekdigi belli däl diýip, Pentagonyň ýokary derejeli resmisi aýdýar. Döwlet sekretarynyň goranyş syýasaty boýunça orunbasary Kolin Kahl ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň beren bahasyna salgylanyp, 26-njy oktýabrda kongres komitetine "Talybanyň" “Yslam döwleti-Horasan welaýatynyň” (YD-H) garşysyna çykmak meselesindäki “sebäbiniň örän ýokarydygyny” aýtdy. Emma “olaryň bu işi ýerine ýetirmekdäki ukyby... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Российское высшее образование — одно из лучших в мире, заявили в правительстве Вьетнама

Премьер-министр Польши заявил о начале фортификационных работ на границе с Белоруссией

Деньги начали "гореть": россиян призывают спасать свои сбережения

Нарколог Холдин: курение сокращает жизнь на 7–15 лет