Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 31.10.2021

Türkmenistan iýulda başlan gatnawyny dikeldip, Türkiýede galan 270 raýatyny yzyna getirdi

Azathabar.com 

30-njy oktýabr gijesi, gije ýarym bolmazynyň öň ýanynda Türkmenabadyň uçar menziline gonan uçar Stambuldan 270 töweregi ýolgaçyny alyp geldi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Bu uçar gatnawy “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçy uçary arkaly amala aşyryldy we ýurduna dolanan türkmenistanlylaryň arasynda näsaglar, has agyr ýagdaýdaky hassalar we ýaş çagaly eneler hem bar diýip, 31-nji oktýabr güni irden gelen maglumatda aýdylýar. Azatlygyň habarçysy bu maglumaty uçar menzilindäki çeşmeden alypdyr. Читать дальше...

Baýden G20-de Erdogan bilen duşuşup, "seresap bolmak" duýduryşyny berer

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 31-nji oktýabrda boljak duşuşyk wagtynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna zeper ýetirip biljek "töwekgelçilikli hereket" barada duýduryş berer diýip, ABŞ resmisi aýtdy. Erdogan şu aýyň başynda tussag edilen haýyr-sahawatçy Osman Kawalanyň boşadylmagyna çagyran on ilçini, şol sanda ABŞ-nyň ilçisini "personae non gratae", islenilmeýän adamlar diýip yglan etmegi buýurdy. Bu ilçileriň ýurtdan çykarylmagy NATO agza bolup durýan ýurtlaryň... Читать дальше...

Belarus Orsýetiň kremlçi habar gullugyny, "Regnumy" petikleýär 

Azathabar.com 

Belarus häkimiýetleri Kremle tarapdar rus habar gullugymyň, "Regnumyň" web sahypasyny petiklediler. 30-njy oktýabrdaky petikleme Minsk tarapyndan düýbi Orsýetde ýerleşýän metbugat saýtyna girmegiň ilkinji gezek çäklendirilmegi boldy. Şeýle-de Belarus biraz öň Russiýanyň “Komsomolskaýa Prawda” neşiriniň Belarusdaky görnüşiniň web sahypasyny petikledi. Uzak wagt bäri häkimiýetde oturan Aleksandr Lukaşenkanyň hökümeti "Regnumy" petiklemek barada gelen kararyny düşündirmek üçin hiç bir beýanat çap etmedi. Читать дальше...

G20 liderleri COP26 sammitinden öň klimat özgermesi barada beýanat taýýarlaýar

Azathabar.com 

Ýigrimiler toparynyň (G20) ýolbaşçylary 31-nji oktýabrda Rimde geçirilýän sammitiň ikinji we jemleýji gününde toplanyp, klimat özgermesi meselesinde manyly ygrarlylygy öz içine alýan we BMG-niň Şotlandiýada geçirjek möhüm COP26 konferensiýasyna itergi berýän beýannama taýýarlamaga çalyşýarlar. Sammitiň açylyş gününiň ahyrynda jemleýji jarnamada global ýylylygy 1,5 gradusdan geçirmän saklamak ýa-da howa zyýanly galyndylaryň goýberilmegini doly ýok etmek babatdaky wagt çelgilerini kesgitlemek barada berk karara gelinjegi aýdyň bolmady. Читать дальше...

MHM VPN söweşini güýçlendirýär. Balkanlylar ýapyk saýtlara girmekde Aşgabatdan soň ikinji boldy

Azathabar.com 

Türkmenbaşyda häkimiýetler bikanun VPN we dollar söwdasyna garşy reýd geçirmäge başlady, ýöne olary ykdysady çökgünligiň fonunda güýçlenýän maglumat açlygy has kän ynjalykdan gaçyrýana meňzeýär; bu tijenmeler wise-premýer Serdar Berdimuhamamedowyň 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi. Şu aralykda hökümet başlygy Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek barada edilen teklibi makullady. Emma bu merkeziň haçan döredilip, nähili işlediljegi entek sorag bolmagynda galýar. Читать дальше...

Orsýet Türkmenistandan ýene 176 raýatyny çykardy

Azathabar.com 

Orsýet Türkmenistandan 25-nji çykyş uçaryny gurnap, bu gezek Türkmenabatdan Moskwa 176 ýolagçyny göçürip getirdi. Orsýetiň S7 howa ýollarynyň 29-njy oktýabrdaky 8536 belgili gatnawy hem Aşgabatdaky rus ilçihanasy tarapyndan gurnaldy. Bu bir aýyň içindäki üçünji uçar gatnawy bolýar. 22-nji oktýabrda Türkmenabatdan Moskwa 178 ýolagçy geldi diýip, RIA Nowosti habar berdi. Ondan öňki uçar gatnawy 15-nji oktýabrda amala aşyrylypdy. Mundan öň Türkmenistandan Russiýa 24 gezek uçar gatnawy gurnaldy... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Рафаэль Надаль

Рафаэль Надаль первым в истории тенниса выиграл 200 матчей на грунтовых «Мастерсах»






Орловская область стала пользоваться большей популярностью у туристов

Лукашенко разыграл сценку с военными, неуклюже оправдываясь за то, что ему стало плохо на параде в Москве

Антонов заявил о готовности РФ вести диалог с Западом по стратегической стабильности

Москвичам рассказали, к чему готовиться летом после снегопадов в мае