Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Новости за 10.10.2021

Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi

Azathabar.com 

8-nji oktýabrda Awstriýanyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi. Bu barada çärä gatnaşyjylaryň biri “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 10-njy oktýabrda habar berdi. Maglumata görä, gatnaşyjylar Türkmenistandaky ýagdaýlary, hususanda: ýurtdaky adam hukuklarynyň bozulmagyny, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň ýagdaýlaryny, epidemiologiýa ýagdaýyny (türkmen häkimiýetleriniň COVID-19-y inkär etmegini), korrupsiýany, halkara guramalary, maliýe institutlary... Читать дальше...

Türkmen we özbek prezidentleriniň Owganystan babatyndaky düşünje duşuşygy

Azathabar.com 

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Özbegistana sapar edip, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Aslynda, bu iki lider soňky döwür ençeme gezek özara duşuşdylar. Bu olaryň özara oturyp häzir regiondaky iň derwaýys meseläni: Owganystany maslahat etmegi üçin örän möhüm boldy. Sebäbi Türkmenistan bilen Özbegistanyň ikisi-de özleriniň günorta goňşusy babatynda meňzeşräk syýasaty ýöredýärler. Olaryň biri Owganystanyň üsti bilen geçjek söwda ugurlarynyň ykdysady mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär. Читать дальше...

Berdimuhamedow “EKSPO-2020” sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyşyna gatnaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti 9-njy oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşyk geçiripdir. Mundan başga-da, Berdimuhamedow serginiň baş kabul... Читать дальше...

Turkmen.news: YouTube-da oppozisiýa kanallaryna teswir ýazan balkanabatly iki ýyl azatlykdan mahrum edildi

Azathabar.com 

Garaşsyz turkmen.news neşiri Türkmenistanda hamana pornografik maglumatlary ýaýradandygy üçin Balkanabadyň ýaşaýjysy Sergeý Babaniýazowyň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini, emma aslynda onuň YouTube ulgamynda türkmen oppozisiýa wekilleriniň kanallaryna tomaşa edendigi we öz ady bilen olara teswirleri ýazandygy üçin azatlykdan mahrum edilendigini belleýär. Maglumata görä, 43 ýaşly Babaniýazowa Jenaýat kodeksiniň 164-nji maddasy, ýagny “pornografik çap neşirlerini taýýarlamak we ýaýratmak” boýunça aýyplama bildirilipdir. Читать дальше...

Liwiýada garşylykly taraplar daşary ýurtly söweşijileri çykarmak baradaky ylalaşyga gol goýdular

Azathabar.com 

Liwiýada garşylykly taraplar uruşdan ejir çekýän ýurtdan daşary ýurtly söweşijileri we hakyna tutma ýaraglylary çykarmak boýunça deslapky ylalaşyga gol goýdular diýip, BMG-niň araçylary mälim etdiler. BMG-niň missiýasynyň 9-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, her tarapdan bäş adamyň gatnaşmagyndaky 10 agzadan ybarat bilelikdäki harby komissiýa, BMG-niň howandarlygyndaky Ženewada geçirilen üç günlük gepleşikleriň netijesinde, “tapgyrlaýyn we aram” ylalaşyga gol goýdy. BMG-niň Liwiýa boýunça... Читать дальше...

“Talyban” YD garşy göreşinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýdýar

Azathabar.com 

“Talyban” Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň şahamçalaryna we beýleki ekstremistiki toparlara garşy göreşinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy. 9-njy oktýabrda “Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahin AP habar gullugyna “Yslam döwleti” toparynyň arapça akronimini ulanyp: “Biziň Daeşi özümiziň garaşsyz ýagdaýda agdarmaga mümkinçiligimiz bar” diýip, belledi. 9-10-njy oktýabr aralygynda Kataryň paýtagty Dohada ABŞ resmileri Birleşen Ştatlaryň goşunlaryny Owganystandan çykaranyndan soň... Читать дальше...

Pakistanyň ýadro ýarag programmasynyň atasy hasaplanýan dawaly alym A.K. Han ýogaldy

Azathabar.com 

Pakistanyň ýadro ýarag programmasynyň atasy hasaplanýan Abdul Kadir Han Yslamabatda 85 ýaşynda aradan çykdy. Pakistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasynyň 10-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, Han öýken näsazlygy bilen keselhana ýerleşdirilenden soň aradan çykypdyr. Mundan öň, Hanyň koronawirus bilen keselländigi habar berildi. Han Pakistana ýadro ýaragyny taýýarlap bereni üçin, ýurtda milli gahryman hökmünde kabul edilýär. Pakistan ýadro ýaragynyň ilkinji üstünlikli synagyny 1998-nji ýylyň maýynda geçirdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Виктория Азаренко

Азаренко не смогла пробиться в 1/8 финала турнира в Мадриде, уступив Соррибес-Тормо






В Мытищах молодые пожарно‑спасательные команды проверили свои навыки

В московском парке обнаружили тело мужчины с колото-резаными ранениями

Как по списанному: на отправленных в утиль машинах Минздрава делали миллионы

Источник 360.ru: водитель погиб в ДТП в ТиНАО, травмы получили два пешехода