Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Новости за 31.08.2022

Türkmen ÝOJ-nyň ýolbaşçylary talyplardan uçarda sapar etmegi talap edýär

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň ýolbaşçylary tomusky dynç alyşlaryny tamamlan studentlerden okuw jaýynyň ýerleşýän ýerine uçarda gelmegi talap edýärler. Ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) resmileri bu talabyň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündirýärler. Bu talap we onuň talyplara ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. "Bu ýyl talyplara Aşgabada ýa-da beýleki sebitlere okamaga gitmek ýene-de problema boldy. Sebäbi olaryň goşmaça çykdajylary köp boldy. Читать дальше...

Awazada dynç alan müňlerçe adam öz welaýatlaryna dolanyp bilmeýär

Azathabar.com 

Şu günler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen, sebitiň transport üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleri has-da ýitileşdi. Ýurduň dürli sebitlerinden Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga gelen müňlerçe syýahatçy, uçar, otly we awtobus gatnawlarynyň çäklidigi sebäpli, öz welaýatlaryna aşyp bilmän kösenýär. Bu ýagdaý sebitde transport serişdeleriniň biletleriniň satuwy bilen bagly para-berimiň "gülläp ösmegine" hem getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

Aşgabatda klasiki aýdym-saz konserti geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabatda nobatdaky klasiki aýdym-saz konserti Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran bu medeni çäresine gatnaşan tomaşaçylaryň köpüsi konserwatoriýanyň studentleridi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan gürrüň berýär. Tomsuň soňunda - 28-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Mukamlar köşgünde guran çäresinde Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyş etdi. Gelenleriň arasynda hemişeki tomaşaçylar azdy... Читать дальше...

Özbegistan CPJ wekilini ýurda goýbermekden ýüz öwrüp, soň pikirini üýtgetdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň immigrasiýa gullugy ikinji gün irden, immigrasiýa ulgamynyň onuň ýurda girmegine rugsat bermeýändigini görkezendigini aýdyp, žurnalistleri goraýan hökümetden aýry guramanyň (CPJ) Ýewropa we Merkezi Aziýa maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Saidiň ýurda girmegine rugsat bermedi. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama bu habary 30-njy awgustda öz web sahypasynda çap etdi. Said Daşkent howa menzilinde takmynan bäş sagat saklandy, häkimiýetler onuň 1-nji sentýabrda Nýu-Ýorka uçýança şol ýerde galmalydygyny aýtdylar. Читать дальше...

Türkmen prezidentiniň Katara resmi sapar etmegine garaşylýar

Azathabar.com 

Iki ýurduň daşary işler ministrleriniň 30-njy awgustda eden telefon söhbetdeşliginde prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara resmi sapar etmek mümkinçiliklerine garaldy diýip, türkmen DIM-i anyklaşdyrmazdan habar berýär. Mundan öň türkmen DIM-i prezidentiň Saud Arabystanyna etjek resmi saparyna taýýarlyk görülýändigini aýdyp, goşmaça maglumat bermändi. Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň Saud Arabystany patyşalygyna iki günlük sapar edip, Umra hajyny berjaý edeninden soň, daşary... Читать дальше...

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşda aradan çykdy

Azathabar.com 

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşynyň içinde aradan çykdy diýip, rus media serişdeleri habar berýär. Ol 30-njy awgustda giçlik “agyr we uzaga çeken keselden soň aradan çykdy” diýip, media serişdeleri Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasyny sitirleýär. TASS habar agentligi maşgala wesýetinden habarly bir çeşmäniň sözlerine salgylanyp, Gorbaçýowyň 1999-njy ýylda aradan çykan aýaly Raisanyň ýanynda, Moskwanyň Nowodewiçi gonamçylygynda jaýlanjakdygyny habar berdi. Sowet Soýuzynyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция матчей Рыбакиной и Путинцевой за выход в 1/8 финала турнира в Мадриде






Опубликован список запрещенных вещей на Параде Победы

Шестой ежегодный «Диктант Победы» прошел в чеховской гимназии № 2

В Мытищах молодые пожарно‑спасательные команды проверили свои навыки

В ЕС отреагировали на решение о передаче во временное управление компаний из Европы