Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Новости за 19.08.2022

Hepdäniň jemi #33 (20.08.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkiýede ‘ýenjilen aktiwistler’ we Aşgabadyň ‘ýapyk ýol’ meselesiniň mümkin bolan sebäpleri we çözgütleri baradaky söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, ‘ýollaryň açylmazlygy’ bilen bagly meseläniň has köp adama ýetmegine kömek ederdiňiz.

ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady

Azathabar.com 

Haýwanlara hoşniýetliligi wagyz etmek Türkmenistanda soňky hepdelerde bir waka öwrüldi. Ýurtda itlere bolan garaýşy kadalaşdyrýan kanun kabul edildi, daşary ýurt wekilhanalarynyň işgärleri we türkmen jemgyýetçilik wekilleri idegsiz haýwanlaryň saklanýan göreldeli penahanalaryna baryp gördi. Şol bir wagtyň özünde itler we pişikler şäherleriň köçelerinde rehimsizlik bilen tutulýar hem-de öldürilýär. 17-nji awgustda Änewde ýerleşýän "Arassa penje" we "Ömür ber" atly iki sany hususy penahana ÝB-niň... Читать дальше...

Türkmenistanlylar Stambulyň aeroportunda garaşmagy dowam etdirýän mahaly, 300-e golaý türkmen raýaty watanyna dolandy

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanlylaryň ýene 300-e golaýyny ýurda getirdiler. Türkiýäniň Stambul şäherinden ugrap, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroportuna gonan uçardaky ýolagçylar dessine karantine ýerleşdirildi. Bu waka watanyna dolanmak isleýän onlarça türkmenistanlynyň Stambulyň aeroportunda garaşmagy dowam etdirýän mahalyna gabat geldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenadabyň aeroportundaky we Stambuldaky çeşmeleri habar berdiler. Читать дальше...

Balkan: Ilat ýanwaryň ununy almak üçin bitaý ädikleri we içki geýimleri satyn almaga mejbur bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy saklanyp galýarka, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri ýaşaýjylara ýanwar aýynda berilmeli uny satyp başladylar. Ýaşaýjylar tas sekiz aý giç paýlanýan bu uny almak üçin bitaý ädikleri we içki geýimleri hem satyn almaga mejbur edildiler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, 18-nji awgustda daňdan garaňkyda, sagat 4-de şäheriň döwlet dükanlary ilata un paýlaryny berip başlady. Ýerli ýaşaýjylar... Читать дальше...

Hökümetçi neşirler ýurtda çap edilmeýän maglumatlary daşary ýurt neşirlerinden alýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümetçi neşirleri ýurduň eksport edýän ýangyjy baradaky maglumatlary daşary ýurt neşirlerine salgylanyp habar berýärler. Özbegistan 2022-nji ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistandan 11,7 million litr benzin import etdi diýip, “BiznesTürkmenistan” neşiri özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär. “Podrobno.uz” täzelikler saýtynyň Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan Özbegistany ýangyç bilen üpjün etmekde Russiýadan soň ikinji döwlet boldy. Читать дальше...

Gyrgyzystanda mekdep direktory boljaklaryň diňe 30%-i synagdan geçdi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň bäş sebitinde mekdep direktory wezipesine bäsdeşlik geçirildi we kompýuter synagyna gatnaşýan dalaşgärleriň diňe 30%-i zerur bolan netijäniň iş aşaky derejesini alyp bildi. Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, boş orunlaryň iň köpüsi Oş sebitinde bolup, 244 mekdep direktorynyň orny üçin bäsleşik geçirildi. Synaga gatnaşmak üçin 359 adama rugsat berildi. Olaryň 88 sanysy talap edilýän netijäniň minimal derejesini gazanyp, ýeňiji boldy. Talas sebitinde mekdep direktorlarynyň boş duran 45 orny üçin 113 adam resminama tabşyrdy... Читать дальше...

Gazagystanyň Baş prokuraturasy ýanwar wakalarynda ölenleriň sanawyny çap etdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň Baş prokuraturasy 16-njy awgustda ýanwar wakalarynda ýogalan adamlaryň sanawyny çap etdi. Bu sanaw ganly protestlerden ýedi aý soň çap edildi. Wepat bolanlaryň sanawynda 238 adamyň familiýasy görkezilýär, emma olaryň atlary aýdylman, adyň baş harpy goýulýar. Baş prokuraturanyň sanawynda ölenleriň nähili ýagdaýda heläk bolandygy hem görkezilmeýär. Olaryň haýsysynyň terrorçylyga garşy geçirilen operasiýa diýilýän wagtynda, howpsuzlyk güýçleriniň agzalary tarapyndan atylyp öldürilendigi belli däl. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






РИА «Новости»: брата арестованного Курбонова ранее привлекали за хулиганство

Азербайджан забирает новые территории после ухода русских. Пашинян не сопротивляется решениям

ТАСС: сапёры обезвредили десятки тысяч боеприпасов в Авдеевке

Дмитрий Колдун назвал причину, по которой поспешно покинул Россию: «Вещь непредсказуемая»