Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Новости за 01.08.2022

'Meniň hiç bir hukugym ýok': Gyrgyzystanly köp zenan köp aýallylykdan ejir çekýär

Azathabar.com 

Gyrgyz aýallary öz ýurtlarynda köp aýally maşgalalaryň seýrek bilinýän ýagdaýlary barada gürrüň berýärler. Gyrgyzystanda köp aýallylyk gadagan edilýär, ýöne bu müňlerçe erkegiň bir wagtyň özünde iki ýa-da has köp aýala öýlenmegine päsgel bermeýär. Gyrgyzystanda kanun taýdan ykrar edilmeýän bu nikalar aýallary goragsyz goýup, olaryň kanuny hukuklary tas bolmaýar.

Itler barada kanun kabul eden Türkmenistanda itler öldürilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda itler we pişikler köpçülikleýin tutulýar we öldürilýär. Haýwanlaryň soňky hepdede zalymlyk bilen tutulmagynyň dowam etdirilmegi, haýwanlaryň öldürmegini bikanunçylyk diýip, kesgitleýän täze kanunyň kabul edilmegine gabat geldi.

Berdimuhamedow ýokary derejeli resmilere käýinç paýlady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti soňky birnäçe günüň dowamynda ýokary derejeli türkmen emeldarlarynyň ençemesine käýinç yglan etdi. Şol bir wagtda, adatça bolşy ýaly, resmilere berlen käýinçleriň jikme-jikleri aýan edilmedi.

Putin NATO-ny we ABŞ-ny Moskwa üçin "esasy howp" diýip atlandyrdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň deňiz doktrinasyny tassyklaýan karara gol çekdi. Bu karar 31-nji iýulda güýje girer. Putin Sankt-Peterburgda we Kronştadtda geçirilen deňiz paradyna gatnaşyp, bu taglymatda "Russiýanyň milli bähbitleriniň serhetlerini we çäklerini" bellenilendigini aýtdy. Rus prezidentiniň sözlerine görä, olara Arktika akwatoriýasy, Gara, Ohotsk we Bering deňizleriniň, Baltika we Kuril bogazlarynyň suwlary girýär. Ýurduň milli howpsuzlygyna abanýan esasy howplaryň arasynda... Читать дальше...

“Awazada” prezidentiň gatnaşmagynda täze, kaşaň kottejler toplumy açyldy

Azathabar.com 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşa çykan prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, uly şowhun-dabara bilen açylan «Rowaç» kottejler toplumynda 200-e golaý täze iş orny döredi diýip, “SalamNews” neşiri «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirine salgylanyp habar berýär. «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmagy esasynda gurlandygy aýdylýan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär. Читать дальше...

Türkmenistan hajylaryň gaýdyp gelenini bir hepdeden soň habar berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri 29-njy iýulda, aslyýetinde bu seneden bir hepde ozal ýurda dolanan, haj zyýaratçylarynyň watanyna gaýdyp gelendiklerini mälim etdiler. Ýatlatsak, Azatlyk 2-nji iýulda haj parzy üçin Saud Arabystanyna giden 275 türkmen zyýaratçysynyň, 22-nji iýulda ýurduň esasy karantin zolaglary ýerleşýän Türkmenabada dolanandyklaryny we dessine bir hepde möhlet bilen üzňeleşdirilendiklerini anyklapdy. Şol pursat, çeşmelerimiz zyýaratçylaryň karantinde bir hepde geçireninden soň... Читать дальше...

Türkmenistan ABŞ bilen howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 30-njy iýulda habar berdi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wwepa Hajyýew bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Общеобластной субботник прошел во всех микрорайонах Химок

Mash: медики спасли 91-летнюю режиссёра «Бременских музыкантов» Инессу Ковалевскую

МИД России: приднестровское урегулирование невозможно без пересмотра Кишинёвом своей линии

Baijiahao: Россия нашла способ лишить Великобританию золота