Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Новости за 08.08.2022

Türkmenistanda çagalar okuw esbaplaryny satyn almak üçin dilegçilik edýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda tomusky dynç alyşynda işleýän, ene-atalaryna kömek edýän ýa-da pul gazanmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleýän çagalar köpelýär, dilegçilik edýän çagalaryň hem sany artýar. Azatlyk Radiosyny Marydaky habarçylarynyň soňky maglumatlarynda şu günler dilegçilik edýän çagalaryň köpüsiniň okuw esbaplary üçin pul soraýandygy aýdylýar. Mary welaýatynda dilegçilik edýän çagalary köplenç bazarlarda, köp adamly köçelerde, supermarketleriň golaýynda, hatda agşamlaryna kafeleriň hem restoranlaryň öňünde görse bolýar. Читать дальше...

Nebit ammaryny ýyldyrym uransoň, Kubada uly ýangyn turdy

Azathabar.com 

Kubaly ýangyn söndürijiler indi birnäçe gün bäri Matanzas şäherindäki nebit ammaryna uran ýyldyrymdan soň başlanan ýangyny söndürjek bolýarlar. Şu günki güne çenli bir adam öldi, 121 adam, şol sanda energiýa ministri Liwan Arronte ýaralandy, 17 ýangyn söndüriji dereksiz ýitdi. AFP-niň maglumatyna görä, Kuba kömek sorap, "ýangyç öndürmekde tejribesi bolan dostlukly ýurtlara" ýüz tutdy. Prezident Migel Diaz-Kanel "tiz beren kömekleri" üçin Meksika, Wenezuela, Russiýa, Nikaragua, Argentina we Çilä minnetdarlyk bildirdi. Читать дальше...

ÝB, rus gepleşikçileri Eýrandaky ýadro gepleşiklerine 'örän' umytly garaýar

Azathabar.com 

2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyny dikeltmek üçin täzeden başlanan gepleşiklere gatnaşan ýokary derejeli gepleşikçiler bu meselede ylalaşmak mümkinçiligine umytly garaýandyklaryny aýtdylar. Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli gepleşikçisi Enrike Mora hepde aýagynda gepleşikleriň barşyndan çen tutup, özüniň öňegidişlik gazanyljagyna “doly” umyt bilen garaýandygyny aýtdy. “Biz ilerleýäris we men bu gepleşikleriň basym jemlenmegine garaşýaryn” diýip, Enrike Mora, Ýewropa... Читать дальше...

Ysraýyl Gazadaky “Yslam jihady” topary bilen ýaraşyk baglaşdy

Azathabar.com 

Ysraýyl häkimiýetleri bilen "Yslam jihady" radikal toparynyň wekilleri ýaraşyk baglaşmak ylalaşygyna geldi. Ýaraşyk ýerli wagt bilen sagat 23: 30-da güýje girdi. Palestinanyň Eýran tarapyndan goldanýan söweşiji topary, azyndan 36 palestinalynyň, şol sanda 11 çaganyň ölmegine we 300-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan üç günlük çaknyşygy bes etmek üçin Ysraýyl bilen ýaraşmak barada ylalaşandygyny aýtdy. Ýaraşyk ylalaşygy baradaky habary ilkinji bolup AFP we AP habar gulluklary berdi, olar... Читать дальше...

Pakistan Talybanynyň üç serkerdesi Owganystandaky partlamada öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň günorta-gündogarynda bolan partlamada üç sany uly derejeli serkerdesiniň öldürilmegi "Tehrik-e-Talyban Pakistan" (TTP) ýa-da "Pakistan Talybany" ady bilen tanalýan gurama urlan agyr zarba boldy diýip, Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugy, Maşal radiosy 7-nji awgustda habar berdi. Öldürilen serkerdeleriň arasynda TTP-niň iň täsirli we rehimsiz liderleriniň biri hasaplanýan Abdul Wali lakamly Omar Halid Horasani hem bar. Öldürilen serkerdeleriň beýleki ikisi Hafiz Dawlat we Müfti Hasan diýlip bilindi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде






Порядка 50 активистов вышли на борьбу с мусором во Фрязине

"Не раскаивается": Детали дела Аббасова от депутата Медведева. С жертвой Шахина попрощались лишь накануне

В МИД объяснили задержки на пунктах пропуска через границу

Стасу Михайлову исполнилось 55