Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2022

Новости за 26.08.2022

Hepdäniň jemi #34 (27.08.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda we öňki sowet ýurtlarynda korrupsiýa, çykdajyly toý däpleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, türkmen meseleleriniň has köp adama ýetmegine kömek ederdiňiz.

Mary: Otly hadysasynda hatardan çykan köpriniň bejerilmezligi ilatyň durmuşyny bökdeýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjylary mundan iki hepde çemesi ozal bolan otly hadysasy sebäpli hatardan çykan köprüde abatlaýyş işleriniň geçirilip başlanmandygyna nägilelik bildirýärler. Ýaşaýjylar köpriniň ulag hereketine ýapylandygyny belläp, munuň ilat üçin dürli kynçylyklary döredýändigini aýdýarlar. Olar bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

Mary: Otly hadysasynda hatardan çykan köpriniň bejerilmezligi ilatyň durmuşyny bökdeýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjylary mundan iki hepde çemesi ozal bolan otly hadysasy sebäpli hatardan çykan köprüde abatlaýyş işleriniň geçirilip başlanmandygyna nägilelik bildirýärler. Ýaşaýjylar köpriniň ulag hereketine ýapylandygyny belläp, munuň ilat üçin dürli kynçylyklary döredýändigini aýdýarlar. Olar bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 13-nji awgustda demir ýol wokzalyndan gelýän ýük otlusy Atabaýew köçesinde ýerleşýän köpriniň aşaky bölegini ýumurýar. Читать дальше...

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri ýene ÝB araçylygynda gepleşik geçirer

Azathabar.com 

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda gepleşik geçirmek ylalaşygyna geldi diýip, Ermenistanyň hökümeti 25-nji awgustda aýtdy. 31-nji awgustda geçiriljek duşuşyga Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel hem gatnaşar. Bu duşuşyk 1-3-nji awgustda bölüniji Dagly-Garabag sebitinde azyndan bir azerbaýjanlynyň we iki sany ermeni esgeriniň öldürilmegine getiren söweşden soň gurnalýar. Bolup geçen zorlukly wakalarda iki tarap hem biri-birini günäkärleýär. Читать дальше...

Baýden: Siriýadaky nyşanalara ABŞ bähbitlerini goramak üçin zarba uruldy

Azathabar.com 

ABŞ şu hepde Siriýada Eýran bilen ilteşikli nyşanalara zarba urdy we bu çäre Amerikanyň işgärlerini goramak üçin amala aşyryldy diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aýtdy. Baýden bu sözleri 25-nji awgustda ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň ýolbaşçysyna ýazan hatynda aýtdy we gürrüňi edilýän zarbalar ABŞ-nyň harby güýçleriniň we olaryň ýaranlarynyň gatnaşan üç günlük çaknyşyklarynyň arasynda uruldy. Baýden Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosä ýazan hatynda bu zarbalaryň "ýurduň içindäki we daşary ýurtda amerikan raýatlaryny... Читать дальше...

Türkmenistan ýene TOPH howpsuzlygyny maslahatlaşdy

Azathabar.com 

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly howpsuzlyk çärelerini maslahatlaşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär. Dördünji gün sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda taraplar taslamanyň howpsuzlygyny halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklykda üpjün etmek barada pikir alyşdylar diýip... Читать дальше...

Putin Russiýanyň Ýaragly güýçlerini ulaltmak baradaky karara gol çekdi

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýaragly güýçleriň sanyny 1,902,000-den 2,039,758-e çenli ýokarlandyrmak baradaky karara gol çekdi. 25-nji awgustda gol çekilen karara laýyklykda, harby gullukçylaryň sany 1,013,628-den 1,150,628-e çenli artdyrylar. Bu karar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girer. Goşunda gulluk edýänleriň sanyny köpeltmek baradaky karar Moskwanyň Ukraianadaky urşunyň ýedinji aýyna girmegine hem-de Russiýanyň ýaragly güýçleriniň bu konfliktde ep-esli ýitgi çekendigi barada... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






Домодедовские спортсменки завоевали золото и серебро Чемпионата Европы по бокс

Москва. Народная приемная КПРФ в ВАО. Сухо в доме будет, но в 2035 году

Песков заявил об испуге США после слов Дуды о ядерном оружии в Польше

Участок, соединяющий Южную рокаду и МСД, готов практически на 70%