Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 15.12.2022

Häkimiýetler pagta planynyň dolandygyny ýa dolmandygyny yglan etmeýärkä, Lebapda ýygym tamamlandy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy tamamlandy. Dört aýlap dowam eden ýygym möwsümi bu ýyl has güýçlendirilen tertipde geçirildi. Býujet işgärleri munuň edara-kärhanalaryň işine ýaramaz täsir ýetirendigini aýdýarlar. Pagtaçy kärendeçiler bolsa, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň wagtynda geçirilmeýändiginden şikaýat edýärler.

Türkmenabatda täze açylan ýaşaýyş jaý toplumynyň lagym ulgamy işlemeýär

Azathabar.com 

Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “ähli amatlyklary bolan” 40 sany köpgatly ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanylmagyna berlendigini habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri täze ýaşaýyş jaý toplumynyň lagym ulgamynyň heniz işlemeýändigini habar berýär.

Elektrik bökdençlikleri barada habar beren özbek bloggerine jerime ýazyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana regionynda sud ýurduň energiýa üpjünçiligindäki bökdençlikler barada habar beren bloggere jerime saldy. Özbegistanyň Ýokary sudunyň metbugat gullugynyň 13-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Olimjon Haýdarow 21 million som ($1 müň 863) möçberinde jerime tölemeli bolar. Ol “ýalan maglumat” ýaýratmakda we köpçülikleýin toplanşyklar baradaky düzgünleri bozmakda günäli tapyldy. Haýdarow bilen birlikde başga bloggerler hem soňky hepdelerde Fergana regionyndaky... Читать дальше...

Eýran protestçileriň öz-özüni garalaýan wideosyny çap etdi

Azathabar.com 

Eýran öz-özüni garalap, jenaýaty amal edendigini “boýun alýan” ençeme protestçiniň wideosyny köpçülige ýaýratdy. Bu galp sud diňlenişikleriniň netijesinde has köp adamyň ölüm jezasyna höküm edilmek howatyrlaryny artdyrdy. Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy bilen ilteşikli Tasnim habar serişdesi 14-nji dekabrda bäş adamyň, hamana, ýurduň günortasyndaky Şiraz şäherinde partladyjyny ýaryp bilmändigini “boýun alýan” wideosyny çap etdi. Wideoda bu adamlar partladyjy bilen ilteşiklidigi aýdylýan öz rollary barada gürrüň berýärler. Читать дальше...

Tussaglykdaky Nawalny ýene izolýatora ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalany ýekelikdäki gabawhana, ýagny izolýatora ýerleşdirildi. Bu onuň awgustyň ortasyndan bäri bu görnüşli jeza otagyna dokuzynjy gezek ýerleşdirilmegi boldy. Bu barada Nawalny 14-nji dekabrda özüniň Telegram kanalynda mälim etdi. Bu gezek Nawalny jeza beriş izolýatorda 12 gün saklanar. Ol bu ýere kamerasyndaky beýleki bur tussag bilen gürrüňinde paýyş sözi ulanandygy üçin ýerleşdirildi. Nawalny özüni gabawhana ýerleşdirmek kararlarynyň ählisiniň “syýasy matlaply” bolandygyny aýdýar.

Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy

Azathabar.com 

Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri garaşsyzlyk döwründe awtoritar režimi emele getirdiler we dürli ýagdaýlarda häkimiýeti galdyrdylar. Käbirleri rewolýusiýanyň netijesinde ýurtdan gaçdy, käbirleri wezipesinde wagtynda öldi, häkimiýet bolsa olaryň töweregindäki adamlara geçdi. Biri häkimiýetde wagtynda, öz wezipesinden çekilip, tutynyň aňrysyndan ýolbaşçylyk etmäge çalyşdy, emma ahyrky netijede öz ygtyýarlygyndan hem beýik derejeden mahrum boldy. Bir wagtlar öz ygtyýarlygyny çäksiz giňelden, hormata... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Строительство больницы началось в микрорайоне Ольгино в Балашихе

В Подольске задержали молодого человека с полкило марихуаны

Орловская делегация холдинга «F-MEDIA» провела радиоперекличку на выставке «Россия»

Сильный ливень из Москвы идет в Нижний Новгород