Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 29.12.2022

Sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutýan zenanlardan Häsiýetnama we Nika şahadatnamasy talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän aýal-gyzlardan Nika şahadatnamasy we iş ýerinden Häsiýetnama talap edilýär. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri 27-nji dekabrda habar berdi. Täze talaplar bilen, onsuz hem awtoulag sürmek hukuklary barha çäklendirilýän zenan raýatlardan sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin jemi on üç resminama talap edilýär. Galyberse-de, neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän zenan sürüjilerden edilýän resmi däl talaplara görä... Читать дальше...

Baýramçylykda ilata 'arzan' azyk satyn almak 'mümkinçiligi' berildi

Azathabar.com 

Maryda baýramçylygyň öňüsyrasynda arzan azyk önümleriniň söwdasy ýola goýulýar. Şäher bazarlarynda azyk önümlerini bazar bahasyndan arzan satýan söwda nokatlary işleýär. Täze ýylyň bosagasynda pes girdejili maşgalalar hem ünsden düşürilmändir. Ýörite açylan nokatlarda olara sygyr etiniň süňki, çüýräp başlan miwe we möhleti geçen süýji ýaly azyk satylýar. Pes girdejili maşgalalar üçin arzan bahadan azyk satýan nokatlaryň biri Mary şäheriniň demirýol wokzalynyň golaýynda ýerleşýän Aşgabat supermarketinde ýerleşýär. Читать дальше...

“Flydubai” Aşgabada eden gatnawyny dikeldýär

Azathabar.com 

Düýbi Dubaýda ýerleşýän “Flydubai” howa ýollary şu gün Türkmenistanyň Aşgabat şäheri bilen aradaky uçar gatnawyny dikeldýändigini habar berdi diýip, breakingtravelnews.com neşiri habar berýär. Aşgabatdaky halkara howa menzili bilen aradaky uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlanyp, hepdede iki gezek amala aşyrylar. Şu aralykda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Abu-Dabä guraýan howa gatnawlarynyň hem dikeldilendigi mälim boldy. Aşgabatdan BAE-niň paýtagtyna gurlaýan uçuşlar hepdede bir gezek ... Читать дальше...

Täze ýylyň öň ýanynda, Lebapda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär

Azathabar.com 

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, Lebap welaýatynyň häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Türkmenabat şäherinde ilatyň hereketi, kafedir restoranlaryň iş wagty çäklendirildi. Täze ýyl arçalarynyň yşyklandyryş çyralary gijäň ýary bolmanka öçürilýär. "Howpsuzlyk gullugynyň has güýçlendirilen tertipde işleýändigini görse bolýar. Türkmenabat şäheriniň köçelerinde ýerleşdirilen polisiýa we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri agşam sagat 9-dan soňra köçä çykýan raýatlary saklap, nirä... Читать дальше...

Täjik prezidentiniň giýewisi Milli bankyň müdirliginden çykaryldy

Azathabar.com 

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon öz giýewisi Jamoliddin Nuraliýewi Milli bankyň müdirliginden çykardy. Adalat ministrliginiň kanuny maglumat portalynda çap edilen karara laýyklykda, Milli bankyň başlygynyň orunbasary Firuz Şarifzoda we Alijon Salimzoda ýurduň esasy maliýe düzgünleşdiriji geňeşiniň täze agzalary edilip bellendi. Täjigistanyň prezidentiniň 45 ýaşly giýewisi Jamoliddin Nuraliýew şu ýylyň iýun aýynyň başynda Milli bankyň başlygynyň birinji orunbasary wezipesinden boşadyldy. Читать дальше...

Türkmenistan bilen Hytaýyň 11 aýdaky söwdasy 10 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Hytaýyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky özara söwda dolanyşygy 10 milliard 123 million amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, “SalamNews” Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp habar berýär.  Iki ýurduň diňe noýabr aýyndaky özara söwdasy 1 milliard 148 million dollara deň bolupdyr. Geçen 11 aýda Hytaý Türkmenistana 787 million dollarlyk eksport edipdir. Bu ugurda diňe noýabr aýyndaky görkeziji 96 million amerikan dollaryndan geçýär diýip, habarda aýdylýar. Bu döwürde Türkmenistanyň... Читать дальше...

Balkanda ýer titredi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Balkan sebitinde 4,2 magnitýudly aram ýer yranmasy boldy diýip, volcanodiscovery.com neşiri habar berýär. Ýer yranmasy Balkanabat şäheriniň demirgazyk-gündogarynda, sebit merkezinden 23 km uzaklykda, 28-nji dekabrda bolupdyr. Ýer sarsgynynyň çuňlugy 2 km, onuň bolan ýeriniň golaýyndaky ýer titremeleri aram derejede boldy diýip, habarda aýdylýar. Türkmen häkimiýetleri ýurt çäginde bolýan tebigy hadysalar, ýer titremeleri, suw joşgunlary, sil gelmegi ýa ýel-tupan turmagy, olardan çekilen zyýan... Читать дальше...

Gazak DIM-i rus ilçisiniň aýdan sözleri barada: Mesele çözüldi

Azathabar.com 

Russiýanyň Gazagystandaky ilçisi Alekseý Borodawkiniň aýdan sözlerinden soň onuň bilen söhbetdeşlik geçirildi diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aýbek Smadiýarow 28-nji dekabrda habar berdi. “Alekseý Borodawkin bilen degişli gürrüň geçirildi. Mundan başga, Mejilisiň spikeri Erlan Koşanow eýýäm Russiýanyň ilçisiniň aýdan sözlerine düşündiriş berdi. Şeýle-de, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu mesele bilen baglanyşykly düşündirişini berdi. Şu günki günde bu mesele çözüldi diýip hasaplaýarys. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






Гидрометцентр: в Москве 1 мая ожидается до 22°C, а затем начнется похолодание

Москвичам напомнили о бесплатной парковке в майские праздники

Брата 12-го фигуранта дела о теракте в "Крокусе" арестовывали за хулиганство

Омбудсмен по делам КМНС Камчатки возмутилась, что ее не пустили в Нью-Йорк (ее коллега из Якутии туда съездил)