Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 13.12.2022

Maryly ýaşaýjylar täze açylan awtomenziliň ýerleşýän ýerini amatsyz hasaplaýandyklaryny aýdýarlar

Azathabar.com 

Maryly ýaşaýjylar şäheriň çetinde gurlup, ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen täze awtomenziliň ýerleşýän ýerini özleriniň amatsyz hasaplaýandyklaryny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Şu ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlap, ýurduň Mary, Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde täze awtomenziller açylyp ulanylmaga berildi. Marynyň sebit merkezinden etraplara gatnaýan awtobuslar täze awtomenzilden ugraýar. Täze desga şäheriň çetinde ýerleşýär. Читать дальше...

Türkmenabatda bir maşgaladan dört agza gazdan zäherlenip öldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň dolandyryş merkezinde bir maşgaladan dört adam heläk boldy. Bu ýagdaý barada habar berýän "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, olar gazdan zäherlenipdir. Şu günler saklanýan adatdan daşary sowuk howada adamlar ýylynmak kynçylygyny başdan geçirýärler.

Türkmenabatda bir maşgaladan dört agza gazdan zäherlenip öldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň dolandyryş merkezinde bir maşgaladan dört adam heläk boldy. Bu ýagdaý barada habar berýän "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, olar gazdan zäherlenipdir. Şu günler saklanýan adatdan daşary sowuk howada adamlar ýylynmak kynçylygyny başdan geçirýärler. Neşiriň habaryna görä, betbagtçylyk Türkmenabat şäheriniň Urgenji etrabynda bolupdyr, bir maşgalanyň dört agzasy, iki gyz çaga we olaryň ene-atasy hojalyk gazyndan zäherlenip ölüpdir. Maşgalanyň diri galan ýekeje agzasy şol wagt öýünde bolmandyr. Читать дальше...

Lebapda dollar ýene gymmatlady, harytlaryň nyrhy 20% ýokarlandy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda dollaryň gara bazardaky nyrhy ýene gymmatlap, mundan üç hepde ozalky bahasyna ýokarlandy. Bu ýagdaý Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda azyk harytlarynyň nyrhynyň ýene gymmatlamagyna getirdi. 13-nji dekabrda sebitde gara bazar söwdagärleri bir amerikan dollaryny 19 manatdan satyn alyp, 20 manatdan satyp başladylar. Ýatlatsak, ýurtda dollaryň gara bazardaky nyrhy geçen aýyň ahyrynda aşaklap başlapdy. Şu aýyň başynda onuň nyrhy 15 manat 50 teňňä çenli aşaklady. Bu ýagdaý gysga... Читать дальше...

Moskwanyň golaýynda soňky birnäçe günde ikinji söwda merkezi ot aldy

Azathabar.com 

Moskwa regionynda bir söwda merkezi ot aldy. Mundan üç gün öň bu sebitiň ýene bir iri söwda merkezinde heläkçilikli ýangyn döräpdi. Moskwa regionynyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň 12-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ýangynyň netijesinde, Balaşiha şäherindäki söwda merkeziniň üçegi hem agypdyr. Heläk bolanlar ýa şikeslenenler barada maglumat ýok. 9-njy dekabrda Moskwanyň etegindäki Himki şäherindäki söwda merkeziniň ot almagy netijesinde bir adam heläk boldy, şeýle-de binanyň özi weýran boldy.

Türkmenistanly ştangaçy Dünýä çempionatynda kümüş medaly aldy

Azathabar.com 

Türkmenistanly ştangaçy Rejepbaý Rejepow agyr atletika boýunça Kolumbiýada geçýän dünýä çempionatynda kümüş medaly almagy başardy. 30 ýaşly Rejepow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, umumy hasapda 366 kg agram göteripdir. Bu barada Halkara Olimpiýa komiteti maglumat berýär. Rejepow mundan bäş ýyl ozal hem Dünýä çempionatynda 77 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medaly almagy başarypdy. Türkmen resmi metbugaty 5-16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçýän ýaryşa 11 adamyň... Читать дальше...

ÝB Kosowada dartgynlylyklaryň gowşadylmagyna çagyrýar, ABŞ Pristina wekilini ýollady

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi Kosowany we Serbiýany aralaryndaky dartgynlylyklary gowşatmaga çagyrdy. Şol bir wagtda, Kosowanyň demirgazygynda serb protestçileriniň tapgyr üç gün esasy ýollary petiklemeginiň arasynda, ABŞ-nyň wekili Pristina geldi. 12-nji dekabrda geçirilen soňky protestler mundan iki gün öň etniki serb polisiýa ofiseriniň tussag edilmegi bilen baglylykda tutaşdy. Dejan Pantik geçen aý etniki serblaryň polisiýadan köpçülikleýin işden çykmagynyň arasynda wezipesini tabşyrypdy. Mundan öň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Виктория Азаренко

Азаренко не смогла пробиться в 1/8 финала турнира в Мадриде, уступив Соррибес-Тормо






Ивлева после голой вечеринки добралась до дискредитации армии

ГК «Дело» запустила новый сервис для доставки грузов из Москвы в Казахстан

Руководителей Брянского отдела МТО РЖД задержали за взятки на 8,5 млн рублей

Сотрудники Коломенского отдела вневедомственной охраны ГУ Росгвардии Московской области написали «Диктант Победы»