Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 28.12.2022

Türkmenbaşyda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy, Lebapda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar azaldy

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşmagy azyk söwdasynda-da duýulýar. Geçen ýyllaryň däbine görä, paýtagtda-da, sebitlerde-de bazarlarda dürli harytlaryň depe edilip goýlan emma töwereginde az alyjyly söwda hatarlaryny, şeýle-de daşynda adamlaryň uly nobatlary üýşýän az sanly söwda nokatlaryny görmek bolýar, bu ägirt uly nobatlarda dawa we ýakalaşyk döreýär, polisiýa gatyşmaly bolýar. Dawaly ýagdaýlaryň biri 27-nji dekabrda irden Türkmenbaşy şäherindäki “Kenar bazarynda" dükanlaryň... Читать дальше...

“Ölüm howply şire”: üsgülewüge garşy hindi şiresiniň howpludygy barada, BSG-niň duýduryşyna garamazdan, Özbegistan näme üçin çäre görmedi?

Azathabar.com 

Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýörite iş toparynyň hindi dermanlaryny we "Dok-1 Maks" şiresini ulanan näsaglarda, güman edilýän zyýanly täsirleriň ýagdaýyny barlaýandygyny habar berdi. Özbegistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň beýanaty sosial ulgamlarda Samarkantda aýdylýan şol dermany alansoň, 15 çaganyň ölümi baradaky habar ýaýransoň mälim edildi. Bütindünýä Saglyk Guramasy şu ýylyň 5-nji oktýabrynda, Hindistanda öndürilýän üsgülewüge garşy şiräniň çagalaryň ölümi bilen bagly bolup biljekdigini duýdurdy. Читать дальше...

Suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işlerinde köne tehnikalar ulanylýar

Azathabar.com 

Pagta möwsüminiň tamamlanmagynyň yz ýany, şu günler Türkmenistanyň Lebap welaýatynda suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işleri dowam etdirilýär. Amyrderýadan gözbaş alyp, Çärjew etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarýan emeli kanallary arassalamak işleri ‘talabalaýyk’ alnyp barylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji dekabrda sebitden maglumat berdi. “Türkmenabat şäherini kesip geçýän bäş suw akabasynyň ikisi Çärjew etrabynyň günbatar sebitlerinde ýerleşýän ekerançylyk meýdanlaryny suwarýar. Читать дальше...

Awazada täze taksiler peýda boldy. Türkmenbaşydaky sürüjiler 'gündelik plany' dolup bilmeýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýän Awaza şäherçesinde täze ýeňil taksi awtoulaglarynyň onlarçasy peýda boldy. Bu waka Azatlyk Radiosynyň şäherçedäki döwlet taksileriniň könelişendigi baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu aralykda, Türkmenbaşyda müşderilere hyzmat edip başlan Awazanyň öňki taksilerini dolandyrýan sürüjiler döwlet tarapyndan kesgitlenen gündelik plan borçnamany dolup bilmeýändiklerini aýdýarlar. "Awaza şäherçesine “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 50-si berildi. Читать дальше...

Ilatynyň sany barada 15 ýyl dymýan Türkmenistan nobatdaky ilat ýazuwyny geçirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlandy. 17-27-nji dekabr aralygynda geçirilen bu çäre, soňky ýyllaryň dowamynda, eklenç gözleginde, daşyna çykýan adamlaryň köpelendigi, şeýle-de ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygy baradaky maglumatlara gabat geldi. Şol bir wagtda, 15 ýyl bäri ilatynyň sany barada maglumat bermeýän türkmen häkimiýetleriniň, soňky geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini hem köpçülige äşgär edip-etmejekdigi sorag astynda bolmagynda galýar. Читать дальше...

2022-nji ýyl Türkmenistanda prezidentligiň 'maşgala mirasdüşerligi' arkaly geçirilmegine şaýat boldy

Azathabar.com 

Aramyzdan gidip barýan 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň möhüm syýasy waka, gürrüňsiz, ýokary döwlet wezipesiniň ata Gurbanguly Berdimuhamedowdan ogul Serdar Berdimuhamedowa geçirilmegi boldy. Ýöne, dogrusy, ýurtda amala aşyrylan soňky häkimiýet çalşygy diňe bir 2022-nji ýyla mahsus waka däl. Geçip barýan ýyl Türkmenistanda soňky birnäçe ýyla ýaýbaňlandyrylan häkimiýeti çalyşmak prosesiniň, has takygy prezident wezipesini ata Berdimuhamedowdan ogul Berdimuhamedowa geçirmek prosesiniň netijelendirilen ýyly boldy. Читать дальше...

Türkmen telekeçisi ýüň önümlerini daşary ýurtlara satýar

Azathabar.com 

Telekeçi zenan Şasenem Garlyýewa düýe ýüňünden taýýarlanan önümleri Italiýa, Fransiýa, Niderlandlar patyşalygyna eksport edip başlady diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär. Telekeçiniň täze açylan art studiýasynda düýe ýüňünden dokalýan saçaklary, bilguşaklary, örtgüleri, ýorganlary, ýassyk daşlaryny görmek we satyn almak mümkin diýip, habarda aýdylýar. Neşiriň maglumatyna görä, telekeçi bu önümçiligi 2018-nji ýylda ýola goýup, gyz-gelinleriň onlarçasyna iş ornuny döredipdir. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде






Оксана Федорова представит премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова» на выставке-форуме «Россия»

Завирусившийся «Олененок» и еще три удивительных сериала из Великобритании

«Деньги обесценятся уже точно»: эксперт назвал сроки обвала сбережений

Песков заявил об испуге США после слов Дуды о ядерном оружии в Польше