Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 12.12.2022

Aşgabadyň ençeme etraby adatdan daşary sowukda suwsuz galdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda adatdan daşary aýazly günlerde ýaşaýyş jaýlar ýylylyksyz galýar, suw üpjünçilik ulgamy sandan çykýar. Dekabr aýynyň başynda bäri howanyň temperaturasy birden peselip, soňky günlerde ýurduň demirgazyk sebitlerinde -22 gradusdan pese düşdi.

Awaza sammitinde türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmeginiň 'maslahatlaşylmagyna garaşylýar'

Azathabar.com 

13-14-nji dekabrda Hazaryň ýakasyndaky Awaza kurort şäherçesinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçer. Bloomberg neşiri, ýokary derejeli türk resmilerine salgylanyp, gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna iberilmegi baradaky pikiri öňe sürjekdigini habar berýär.

Aşgabadyň ençeme etraby adatdan daşary sowukda suwsuz galdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda adatdan daşary aýazly günlerde ýaşaýyş jaýlar ýylylyksyz galýar, suw üpjünçilik ulgamy sandan çykýar. Dekabr aýynyň başynda bäri howanyň temperaturasy birden peselip, soňky günlerde ýurduň demirgazyk sebitlerinde -22 gradusdan pese düşdi. 12-nji dekabrda paýtagtyň birnäçe etraplarynyň ýaşaýyş jaýlary suwsuz galdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, irden sagat 10-da Parahat-2/4-de suw öçürilipdir, goňşy etrapçadaky ýollarda gyzgyn suw akypdyr. "Parahat-2/2-de adamlar... Читать дальше...

'Türkmenhowaýollarynda' biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ýene bäş esse para soralýar

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollary” agentliginde korrupsiýa jenaýatlarynyň üstüniň açylandygy baradaky habarlara garamazdan, gullukda para almak we bermek tejribesi dowam edýär. Ýolagçylardan biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ýene bäş esse para soralýar. Häkimiýetler para-berimi azaltmak maksady bilen, indi gullugyň kassalarynda biletleriň bahasyny diňe bank kartlary arkaly kabul edip başladylar. Ýöne bu paranyň aradan aýrylmagyna ýardam bermedi. "Kassa işgärleri online biletleriň haçan we haýsy wagtda Internetde satuwa çykaryljakdygyny bilýärler. Читать дальше...

Eýranda protestler bilen ilteşikli ýene bir adam dardan asyldy

Azathabar.com 

Eýranda soňky bir hepdäniň içinde hökümete garşy protestler bilen ilteşikli ikinji adam jezalandyrylyp öldürildi. Majidreza Rahnaward “Hudaýa garşy urşy başlatmakda” günäli tapyldy. Eýranda bu etmiş bilen aýyplanýanlar, adatça, ölüme höküm edilýär. Maglumata görä, Rahnaward hamana noýabrda ýakasy gaýyşly Basij ýarym-harby howpsuzlyk güýçleriniň iki gullukçysyny pyçak bilen öldüripdir. Ol 12-nji dekabrda dardan asyldy. Eýranyň rewolýusiýa sudlary aýyplanýanlaryň öz aklawçylaryny saýlap bilmeýändigi... Читать дальше...

Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär

Azathabar.com 

12-nji dekabrda Türkmenistan Bitaraplyk baýramyny belleýär. Häkimiýetler bitaraplygyň 27-nji ýyl dönümi mynasybetli ýurtda, uly baýramçylyklaryň öňýanynda adatça bolşy ýaly, mejbury çäreleri gurnap, telewideniýe üçin ýazgy etdiler. Galyberse-de, Aşgabatdan ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelip zähmet çekýän içerki migrantlar zor bilen çykaryldy. Synçylar ‘bitaraplygyň türkmen görnüşiniň” režim tarapyndan ýurdy halkara jemgyýetçiliginden üzňeleşdirmek üçin ulanylýandygyny belleýärler. BMG-niň... Читать дальше...

Azat Adalga: Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda

Azathabar.com 

Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň hukuk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” kanunyň 5 maddasyna gönükdirilýär.

Germaniýanyň sudy “özünde bar bolan maglumata görä” çeçen bloggeriniň diridigini aýdýar

Azathabar.com 

Germaniýanyň sudy şu aý öldürilendigi barada habar çykan çeçen bloggeriniň noýabrda görkezme berendigini we “özündäki bar bolan maglumata görä” onuň heniz hem diridigini aýtdy.Bu baradaky maglumat 11-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna mälim edildi. Mundan öň Şwesiýanyň Radiosy we Germaniýanyň habar serişdeleri Tumso Abdurahmanowyň diridigini belläpdiler. Geçen hepde onuň öldürilendigi barada ençeme maglumat peýda boldy. Çeçen diasporasynyň görnükli wekili Anzor Mashadow Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz gullugyna beren maglumatynda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде






Профессор Холод: производители могут иметь претензии к «клубничным пиратам»

Омбудсмен Подмосковья Фаевская провела личный прием граждан

Обвиняемый в даче взятки замминистру обороны Иванову Фомин обжаловал свой арест

Свыше 80 мероприятий проведут в Химках в майские праздники