ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 13.03.2023

Türkmenistan: Häkimiýetiň dymyşlygy we it öldürilmeginiň elhenç görnüşleri

Azathabar.com 

Türkmenistanda it-pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we köçelerde öldürilmegi dowam edýär. Azatlygyň habarçylary haýwanlar babatyndaky zalymlygyň täze ýagdaýlaryny habar berýärler, haýwanlary goraýjylar we alada edýän raýatlar bolsa, itler üçin penahana gurmak üçin häkimiýetlerden rugsat sorap, ýüz tutmagyny dowam etdirýärler. "Soňky demindäki it jan berýär - 3-nji kiçi etrapçanyň 30-njy jaýy. Adamlar öý haýwanlaryny özleri jaýlamaga synanyşýarlar. Aýallar we çagalar aglaýarlar, çagalar gije aglap çykýarlar "- diýip... Читать дальше...

Berdimuhamedowlar maşgalasynyň Awazada geçiren toýdan soňky dabarasy şäherde hereketi çäklendirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimgulynyň durmuş toýunyň yz ýany, görnüşinden, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň 11-nji martda Awazada geçiren dabarasy sebäpli, Türkmenbaşyda bölekleýin hereket çäklendirildi. “11-nji mart güni [Türkmenbaşyda] 2 we 18 belgili awtobuslar gatnamady. Döwlet taksileri Awaza gatnamady. Diňe polisiýa we howpsuzlyk edaralaryna degişli döwlet belgili ulaglar Awaza gatnady. Awaza barýan garaýol gatnawy togtadyldy. Türkmenbaşy... Читать дальше...

Saudly synçylar Eýranyň berk gözegçilikde boljakdygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Saud Arabystanynyň synçylary 12-nji martda, sebitdäki sünni-şaýy bäsdeşliginiň uzaga çeken seresaplylygynyň saklanyp galýandygyny yşarat edip, Eýranyň gylyk-häsiýetleriniň gelýän iki aýlyk döwürde, gatnaşyklary dikeltmek baradaky ylalaşygyň çäginde, berk gözegçilik astynda boljakdygyny aýtdylar. Hytaýyň araçylyk etmeginde 10-njy martda gazanylan üstünlik Saud-Eýran gepleşikleriniň birnäçe tapgyryndan soň, dartgynlyklaryň dowam etmegi bilen, olaryň ABŞ Aýlagdan kem-kem çekilýär diýip lapykeç bolmagynyň arasynda mümkin boldy. Читать дальше...

Parlament saýlawlarynda daşary ýurtdaky raýatlaryň ornuna ‘garyndaşlarynyň ses bermelidigi’ aýdylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany ses bermäge hukugy bolan raýatlar hasaba alynýar. Habarçylarymyz bu işleriň çäginde ýurduň daşyndaky raýatlaryň ornuna garyndaşlarynyň ses bermelidigi barada duýdurylýandygyny hem belleýärler. “[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatda saýlaw taýýarlyk toparynyň wekilleri öýme-öý aýlanyp 18 ýaşy dolan raýatlary hasaba alýarlar. Şeýle-de, daşary ýurtdaky garyndaşlarynyň pasport maglumatlaryny soraýarlar. Resmiler ses berişligiň öňýany ähli... Читать дальше...

Kanunyň hökmürowanlygy saýty türkmen dilinde-de eleýterli boldy

Azathabar.com 

Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy maksatnamasy saýty türkmen dilinde hem eleýterli boldy diýip, “Orient” neşiri ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň instagram hasabyna salgylanyp habar berýär. Bu maksatnama 2020-nji ýylda, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa Geňeşi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) hökümetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde başlandy we şondan bäri onuň türkmençe saýty ýokdy. Saýtda aýdylmagyna görä, bu çäräniň strategiki... Читать дальше...

Ysraýylda ýarym million adam kazyýet reformasyna garşy mitinge ýygnandy

Azathabar.com 

Ysraýylda kazyýet reformalaryna garşy mitingler geçirilýär. Demonstrasiýalara ýarym million adam gatnaşdy (ýurtda takmynan 8 million ilat ýaşaýar). Bu Ysraýylyň taryhynda bolup geçen iň uly protest çäresi boldy. Benýamin Netanýahuyň hökümeti tarapyndan teklip edilen kazyýet reformasyna garşy başlanan köpçülikleýin protestler 10 hepde bäri dowam edýär. Bu reforma hakykatda parlament köplüginiň Ýokary kazyýetiň kazylaryny saýlamagyny kesgitlemegini we kazyýetiň hökümetiň kararlaryny ýatyrmak mümkinçiligini nazarda tutýar. Читать дальше...

'Nawalny', Kreml tankytçysynyň portreti iň oňat dokumental film üçin Oskara mynasyp boldy

Azathabar.com 

Los Anjelsde Amerikanyň "Oskar" kinoakdemiýasynyň baýraklarynyň gowşurulmagynyň 95-nji dabarasy gdeçirildi.  Russiýanyň iň görnükli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny öldüm-öldüme salan zäherlenmä we onuň 2021-nji ýylda Moskwa gaýdyp geleninden soň tussag edilmegine bagyşlanan dokumental film 12-nji martda Oskar baýragyny aldy. Nawalnynyň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa, sahnada kinorežissýor Daniel Roher bilen goşulyşyp: "Meniň adamym diňe hakykaty aýdany üçin türmä basyldy. Meniň adamym diňe demokratiýany gorany üçin türmede otyr. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Дарья Касаткина

Теннисистка Касаткина отреагировала на высказывания Винер о россиянах






Центральный офис МФЦ в Лобне расширят и отремонтируют

Город выставит на торги 10 помещений в исторических зданиях

Число жертв теракта в «Крокусе» увеличилось до 144

Нигерия закупит у США 7 млн барр. нефти