Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 24.03.2023

Türkmenabatda oýun meýdançalarynyň ýerleri gurluşyk firmalaryna 'para satylýar'

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde onlarça ýaşaýjynyň bir seýilgähiň we çagalaryň oýun meýdançasynyň ýykylmagyna garşy protest aksiýasyny geçirmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu ýer bölekleri, olarda alnyp barylýan täze gurluşyklar we olaryň satuwy barada käbir maglumatlary berdiler. "Soňky ýyllarda welaýatyň Ýer serişdeleri gullugy we Türkmenabat şäher häkimligi etrapçalardaky köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşýän seýilgähleri we çagalaryň oýun meýdançalaryny ýykmak çärelerini güýçlendirdiler. Читать дальше...

Türkmenabatda haýwanlara garşy gaýtadan güýçlenen ýowuzlyk gizlin amal edilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köçelerdäki haýwanlara garşy ýowuzlyk gaýtadan güýçlendi. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek häkimiýetler itleri we pişikleri zäherläp öldürmek çärelerini gizlin amal edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we haýwanlary goraýan aktiwistler maglumat berýärler. "Türkmenabatda galan itleriň we pişikleriň ýok edilmegi dowam edýär. Nobatdaky köpçülikleýin bu çäre Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda başlandy we soňky günlerde hem dowam edýär" diýip, habarçy 24-nji martda aýtdy. Читать дальше...

Stambulda türkmen raýaty: Bikanun migrant

Azathabar.com 

Türkmenistanly migrant Ruslan bikanun esasda Türkiýede ýaşaýar we işleýär. Onuň pasportynyň möhleti gutardy. Ol resminamalarynyň ýoklugy sebäpli az aýlykly işde zähmet çekmäge mejbur bolýar. Stambuldaky türkmen konsulhanasy oňa täze pasport bermekden ýüz öwürýär. Häzirki wagtda köp migrant bu ýagdaýy başdan geçirýär.

Moldowa döwlet dilini resmi taýdan 'rumyn dili' diýip atlandyrdy

Azathabar.com 

Moldowanyň prezidenti Maýa Sandu döwlet diliniň adyny “moldowan dili” diýip däl-de, “rumyn dili” diýip atlandyrmak baradaky karara gol çekdi. Ýurduň parlamenti bu karary geçen hepde tassyk etdi. Döwlet diliniň adyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasy parlamente fewral aýynyň ahyrynda hödürlendi. Maýa Sandu öz Facebook sahypasynda rumyn diliniň jemgyýeti pugtalandyrmaga we onuň Ýewropa Bileleşigine gatylyp-garylmagyna itergi berjekdigini aýtdy. “Bize onlarça ýyllap biz, Moldowa Respublikasynyň raýatlary rumynça däl-de... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте






Минобрнауки: 12 университетов расторгли договоры с коммерческими партнёрами

Стало известно, за сколько гаишник отпустил фигуранта дела об убийстве байкера

В столичном районе Перово построили новый дом для участников программы реновации

Россиян экстренно эвакуировали из одного аэропорта Москвы